Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ýapon dilinde neşir edilen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Tanyşdyrylyş dabarasyna Daşary işler ministrliginiň işgärleri, ýurdumyzda işleýän daşary döwletleriň diplomatlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professorlary, mugallymlary hem-de talyplary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Onlaýn görnüşde geçirilen çärä türkmen okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk edýän ýapon ýokary okuw mekdepleriniň — Tokio we Sukuba uniwersitetleriniň hem-de Kitasato uniwersitetiniň ýolbaşçylary we wekilleri, dostlukly ýurduň ylmy jemgyýetçiligi goşuldy.
2012-nji ýylda «Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk» atly kitabyň ýapon dilinde neşir edilendigini bellemek gerek.
Kanunmyrat HALLYEW,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.