«Janyňyz sag bolsun!», «Saglyk bilen uzak ýaşaň!», «Sag-aman oturyň!», «Saglygyňyzy isleýäris»... bu jümleler baýramçylyklarda, doglan günlerde ýa haýsydyr bir ýeňşiň, üstünligiň baýram edilýän günlerinde, salamlaşylanda, hoşlaşylanda birek-birege iň köp aýdylýan, eşidilýän hoşniýetli arzuwlar.
Saglygy goramak barada arzuwlary-sargytlary günde-günaşa eşidýänem bolsak, iş-aladalar bilen gümra bolup ýörşümize, saglygymyzyň aladasyny ünsden düşürýän wagtlarymyz az däl. Ir turmak, zähmet çekmek, irginsiz hereketde bolmak gowy endik.
Emma beden agzalaryna dynç bermegiň, ideg etmegiň, saglygymyzy gorap saklamagyň lukmanlar tarapyndan maslahat berilýän ýörite düzgünlerini adaty endigimize öwrüp berjaý etsek, onda has uzak menzilleri aşarys, öňümizde goýan maksatlarymyzda belent sepgitlere ýeteris.