Hormatly Prezidentimiz Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda täze açylan ýokanç keselleri hassahanasynda geçiren Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde eden çykyşynda geçirilen öňüni alyş işleriniň netijesinde, henize çenli ýurdumyzda koronawirus ýokanjy bilen kesellemek ýagdaýynyň hasaba alynmandygyny belledi.
Häzirki döwürde dünýäde koronawirus pandemiýasy giňden ýaýrady. Bu ýokanç bütin adamzadyň abadançylygyna uly howp salýar. Şoňa görä-de, dünýäde ýiti öýken sowuklamasynyň ýüze çykan ilkinji günlerinden ýurdumyzda öňüni alyş çäreleri öz wagtynda geçirilip başlandy. Raýatlarymyzyň saglygyny goramak üçin ähli zerur işler amala aşyryldy» diýip, milli Liderimiz belledi.
Ýurdumyzyň Hökümeti bu ugurda zerur bolan çäreleri görmegi dowam edýär. Geçirilen öňüni alyş işleri öz netijesini berýär. Bu bolsa, örän guwandyryjy ýagdaýdyr, biziň uly üstünligimizdir diýip, döwlet Baştutanymyz kanagatlanma bilen belledi.
www.tdh.gov.tm