Ýakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasy bilen bilelikde guramagynda wideo aragatnaşyk arkaly okuw-maslahaty geçirildi.
Maslahatda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň» taslamasyny işläp taýýarlamak meselesine garaldy. Bu ugurda dünýäniň öňde baryjy tejribelerini peýdalanyp, ony durmuşa geçirmek ugrunda alynyp barylmaly işler ara alyp maslahatlaşyldy.
Degişli guramalar bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasyň arasynda geçirilen wideo aragatnaşyk arkaly okuw-maslahaty arkaly ýurdumyzda sport we ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredildi.