Soňky habarlar

Türkmenistan Bütindünýä kýorling federasiýasyna kabul edildi

Türkmeniistanyň Kýorling federasiýasy Bütindünýä kýorling federasiýasynyň (WCF) wagtlaýyn agzalygy derejesine eýe boldy. Bu halkara guramasynyň resmi saýtynda bu barada habar berilýär.

Bütindünýä Kýorling federasiýasynyň onlaýn-formatda geçirilen Baş Assambleýasy bu barada karar kabul etdi.

 Türkmenistandan başga hem WCF-e agzalyga Boliwiýanyň kýorling assosiasiýasy kabul edildi.  Şeýlelikde, Bütindünýä kýorling federasiýasyna agzalaryň sany 64-den 66-a çenli artdy. Boliwiýanyň kýorling federasiýasy Amerika sebitine, Türkmenistanyň kýorling federasiýasy bolsa Ýuwaş Umman sebitiniň we Aziýanyň toparlarynyň arasyna goşular.

«Bu ýylda  kän kynçylyklara sezewar bolandygymyza garamazdan kýorling boýunça maşgalamyzyň sany artýar, men muny size uly şatlyk bilen mälim edýärin. Boliwiýany we Türkmenistany Bütindünýä kýorling federasiýasynda mübärekleýändigime örän şatdyryn. Ýakyn ýyllarda olaryň öz ýurtlarynda kýorlingi ösdürmek boýunça meýilnamalary durmuşa geçirmeklerine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn» ― diýip, Bütindünýä kýorling federasiýasynyň ýolbaşçysy, şotlandiýaly ozalky kýorlingçi Keýt Keýtness belledi.

Bütindünýä kýorling federasiýasy ― dünýä kýorlingini dolandyrýan gurama bolup durýar. Ol 1991-nji ýyla çenli Halkara kýorling federasiýasy diýlip atlandyrylýardy. Onuň ştab-kwartirasy Pert şäherinde (Beýik Britaniýa) ýerleşýär. Ol özüne milli assosiasiýalaryň 66-syny birikdirýär.

1991-nji ýylda HOK kýorlingi sportuň olimpiýa görnüşi diýip ykrar etdi. 1988-nji ýylda Naganoda geçen gyşky Olimpiýa oýunlarynda, 1924-nji ýyldan bäri ilkinji gezek kýorling Oýunlaryň maksatnamasyna girizildi. 2003-nji ýyldan bäri kýorling gyşky Uniwersiadalaryň maksatnamasyna girýär.