Türkmenistanyň çempionatynyň ýokary ligasynda 23-nji tapgyryň duşuşyklary, hususan-da «Ahal» bi-len «Altyn asyryň» arasyndaky oýun Ýazguly Hojageldiýewiň «aragatnaşykçylar» bilen bassyr 7-nji gezek çempion bolmaga barha golaý barandygyny görkezdi. 3:0 hasabynda gazanylan ynamly ýeňiş bu möwsümde hem «Altyn asyr» toparyna taý tapylmajakdygyny subut edýär.
Baýrakly orunlar ugrundaky göreşde soňky tapgyrlarda durnukly oýun görkezip gelýän «Köpetdagyň» «Aşgabatdan» asgyn gelmegi 3-nji orny eýeleýän «Şagadama» iň bolmanda şu hepdede özüni arkaýyn duýmaga mümkinçilik berdi.
Deňiz ýakasyndaky şäheriň topary öz gezeginde «Nebitçiniň» derwezesinden jogapsyz 4 pökgi geçirdi. Mary welaýatynyň derbisinde «Merwiň» ýeňiş gazanmagy bolsa «Energetigiň» möwsümiň ahyryna çenli iň soňky orny terk etmek baradaky arzuwlaryny çäklendirdi.