Karate sporty çagalaryň fiziki ösüşine täsirini ýetirýär, olaryň özüni ruhubelent duýmagyna kömek edýär. Söweş sungatynyň bu görnüşi adamyň beden gurluşynda myşsalaryň kadaly ösmegine uly täsir edýär, süňkleriň berkeme-gini gowulandyrýar. Karate bilen meşgullanýan çagalar yzygiderli türgenleşikleriň netijesinde ruhy kämillige sary gadam goýýarlar. Olaryň syraty owadan, hereketleri sazlaşykly bolýar. Söweş sungatynyň bu görnüşi gürrüňdeşlik wagtynda sözüň manysyna oňat düşünmäge we adamyň özüne ynamly bolmagyna-da kömek edýär.
Türgenlerde öýkeniň göwrümi ulalýar, bu bolsa ýürek-damar ulgamynyň ösmegine oňyn täsirini ýetirýär we çaganyň bedeniniň kesele garşy göreşmek ukybyny güýçlendirýär. Beden ösdüriji maşklaryň ýerine ýetirilýän wagty garyn myşsalary we beýleki myşsalar işjeň ýagdaýda bolýar, bu bolsa içki organlara özboluşly massaž bolup hyzmat edýär hem-de olaryň howa bilen iýmitlenmegini ýokarlandyrýar.
Çaganyň öz bedeniniň güýjüni duýmagy bilen onda özüne bolan ynam döreýär. Bu bolsa oňa ýetginjeklik döwrüne mahsus bolan özüňe kembaha garamak, özüňi özgelerden pes duýmak ýaly pikirlerden we psihologiki durnuksyzlykdan daşlaşmaga mümkinçilik berýär.
Ruhy we beden taýdan dogry ösüş çagalarda asylly häsiýetleri, şonuň bilen bir wagtda hem öz pikiriniň üstünde pugta durmagy terbiýelemäge mümkinçilik berýär. Sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan çagalar synpdaşlary ýa-da dürli ýaşdaky çagalar bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak, ejizlere kömek etmek ýaly ukyplara hem eýe bolýarlar.
Gülendam BERDIÝEWA,
«Sport» teleýaýlymynyň redaktory.