Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň prezidenti Şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabahdan hat gelip gowuşdy.
Abraýly halkara düzüminiň baştutany milli Liderimize Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollap, Milli Olimpiýa komitetiniň ýurdumyzda 2023-2025-nji ýyllarda AOK-nyň Baş Assambleýasyny we onuň Ýerine ýetiriji geňeşiniň mejlisini geçirmek baradaky resmi teklibine garandygyny hem-de Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Türkmenistanyň Baştutanynyň teklibini kabul edýändigini habar berdi.
Şeýle-de, öňki pikir alyşmalara laýyklykda, AOK-nyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Baştutanyna 2023-nji ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda VII Aziýa kenarýaka oýunlaryny geçirmegiň mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi.