Soňky habarlar

Awtosportuň ynsan saglygyna täsiri

Awtosport – sportuň tehniki görnüşi bolup, dürli görnüşli awtoulag serişdede geçirilýän dürli ýaryşlaryny öz içine alýar. Bu sport görnüşini 13-14 ýaşdan öwretmäge başlaýarlar.

Türgenleşikler dogry gurnalanda hem-de sagdyn durmuş ýörelgesi berjaý edilende türgenleriň saglygy we bedeniň ýokary funksional mümkinçilikleri uzak wagtlap saklanýar. Umuman aýdylanda, awtosport öz içine köp görnüşleri alýar, olara bolsa dürli saglyk toparlardaky adamlar çekilýär.

Şol adamlar awtosport bilen meşgullanmaýanlara garanyňda özlerini sport durkunda saklap, güýçli we çydamly bolup, olaryň durmuşy uzak hem gyzykly bolýar.

Awtoulagy dolandyrmagyň öz artykmaçlyklary bar. Sürüjilik tejribesi bolan adamlaryň gündelik dartgynly ýagdaýlary ýeňillik bilen başdan geçirýändigi, depressiýa az duş gelýändigi, ýüze çykýan meseleleri çalt çözýändikleri we näbelet ýagdaýda ugry tiz kesgitleýändikleri Kolumbiýanyň uniwersitetiniň alymlary tarapyndan kesgitlenipdir.

Olaryň gözegçiligine görä, beýniniň kognitiw funksiýalary berkeýär, netijede ýatkeşlik uzak wagtlap saklanýar we beýniniň garramagynyň öňüni alýar.

Ýurdumyzda raýatlarymyzyň her biriniň saglygy hakynda aýratyn alada edýän Mähriban Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, belent başy aman bolsun! Alyp barýan ähli tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

Jeren AGAJYKOWA,      

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň mediki-biologik kafedrasynyň uly mugallymy.