Soňky habarlar

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu kitabyň çapdan çykmagy Garaşsyzlyk baýramyna döredijilik sowgady boldy.

Dabaranyň öňüsyrasynda sergi guralyp, onuň esasy eksponaty hökmünde Döwlet Baştutanymyzyň täze işi öňe çykdy. Dabara wise-premýer M.Mämmedowa, degişli ulgamyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.

Tanyşdyryş dabarasynda çykyş eden şahyrlar, sungat ussatlary Döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynyň türkmen halkynyň milli döwletlilik ýörelgesini gorap saklamakda we nesilden nesile geçirmekde uly ähmiýetiniň bardygyny buýsanç bilen belläp geçdiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy, şeýle-de Magtymguly adyndaky TDU-da hem geçirildi.

www.tdh.gov.tm