18-nji maýa geçilýän gije ýurdumyzda bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Tbilisiniň telewizion diňine çyralar arkaly Türkmenistanyň baýdagynyň reňki çaýyldy.
Bu dostlukly çäräni Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde Tbilisiniň meriýasy gurady we ol iki ýurduň arasyndaky ynanşykly gatnaşyklaryň, şeýle hem türkmen halkyna hormat-sarpanyň ýene bir subutnamasy boldy.
Tbilisiniň telewizion diňine iki günläp çyralar arkaly Türkmenistanyň baýdagynyň reňki çaýylar.
www.tdh.gov.tm