Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!
Sizi milli senenamamyzda möhüm sene - Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyza, şonuň ýaly-da mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň ebedilik nyşany bolan Döwlet baýdagymyza biz çäksiz buýsanýarys hem-de uly hormat goýýarys. Milli buýsanjymyza öwrülen türkmen halysynyň gölleri, abadançylygyň we parahatçylygyň nyşany bolan zeýtun baldajyklary, doganlygy hem-de jebisligi alamatlandyrýan bäş ýyldyz we ýarymaý şekillendirilen, täzelenişi, ýaşaýşy dabaralandyrýan ýaşyl reňkli Döwlet baýdagymyzyň saýasynda ata Watanymyzy beýik özgertmeleriň hem-de ösüşleriň ak ýoly bilen öňe alyp barýarys. Oňyn bitaraplygymyzyň, parahatçylyk söýüjiligimiziň, hoşniýetli goňşuçylygymyzyň, milli däplerimiziň we demokratik taglymatlarymyzyň, şeýle hem giň möçberli durmuş-ykdysady, syýasy-hukuk özgertmelerimiziň berk binýady hem-de kepillendirmesi bolan Konstitusiýamyz esasynda hukuk we dünýewi döwleti, adalatly raýat jemgyýetini gurýarys.
Esasy Kanunymyz hem-de belentde pasyrdaýan Döwlet baýdagymyz biziň şanly geçmişimiziň, şöhratly döwrümiziň hem-de beýik geljegimiziň belentligini, agzybirligimiziň, abraý-mertebämiziň synmazlygyny alamatlandyrýan milli gymmatlygymyzdyr.
Şoňa görä-de, Aşgabat şäherinde Konstitusiýa binasynyň, Baýdak meýdançasynyň, welaýat merkezlerinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda belent sütünli baýdak meýdançalarynyň döredilmegi watansöýüjiligimizi hem-de jebisligimizi, üstünliklerimizi we rowaçlyklarymyzy dabaralandyrýar, milli gymmatlyklarymyza sarpamyzyň belentdigine we ebedidigine doly şaýatlyk edýär.
Eziz halkym!
Mundan ýigrimi sekiz ýyl öň Konstitusiýamyzyň kabul edilmegi hem-de Döwlet baýdagymyzyň döredilmegi bilen, Garaşsyz Watanymyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň esaslary, syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-jemgyýetçilik ösüşleriniň binýady tutuldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmegiň çäginde jemgyýetçilik-syýasy durmuşymyz düýpli özgerip, döwletimiziň kanunçylyk esasy kämilleşdirildi. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli gowulanyp, täze konstitusion kadalar işlenip taýýarlanyldy hem-de 2016-njy ýylda Konstitusiýamyzyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen taryhy mejlisinde biz konstitusion özgertmeleriň täze tapgyryny yglan etdik we ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça başlangyjy öňe sürdük. Biziň bu başlangyjymyzyň baş maksady jemgyýetimizde we dünýä tejribesinde gazanylan üstünlikleri nazara alyp, Halk Maslahatynyň işini kämilleşdirmekden hem-de kanun çykaryjy edara bolan Mejlisiň iki palataly gurluşyny döretmekden ybaratdyr. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm taryhy waka öwrüler.
Konstitusiýamyzyň binýatlyk kadalaryna daýanyp, biz döretmäge bolan kuwwatymyz, gurmaga bolan ukybymyz, beýik geljegimize bolan ynamymyz bilen berkarar döwletimizi öňe alyp barýarys. Garaşsyz Diýarymyzy mundan beýläk-de depginli ösdürmäge, ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, ilkinji nobatda bolsa, mähriban halkymyzyň asuda, abadan, bolelin hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet we pudaklaýyn maksatnamalaryň ençemesini kabul edip, olary üstünlikli durmuşa geçirýäris. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, welaýat merkezlerinde, etrapdyr obalarymyzda senagat-önümçilik kärhanalaryny, medeni-durmuş maksatly binalary, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurýarys. Amala aşyrylýan bu işler eziz Diýarymyzda ägirt uly üstünlikleriň we ösüşleriň gazanylýandygyny aýdyň tassyklaýar.
Biz halkara gatnaşyklarda Birleşen Milletler Guramasynyň Rezolýusiýalary bilen ykrar edilen we Konstitusiýamyzda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplygymyzyň esasy kadalaryndan hem-de maksatlaryndan ugur alyp, eziz Watanymyzyň halkara abraýyny yzygiderli ýokarlandyrýarys. Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy we beýleki abraýly halkara guramalar, dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarymyzy yzygiderli giňeldýäris.
Parahatçylygy pugtalandyrmak, içerki ösüşleri we dünýä giňişliginde milli bähbitlerimizi üpjün etmek boýunça tagallalary birleşdirýäris. Biz geljekde hem saýlap alan şu ýolumyz bilen öňe gideris.
Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!
Sizi milli baýram — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Size berk jan saglyk, uzak ömür, asuda we abadan durmuş, egsilmez bagt, ösüşleriň we rowaçlyklaryň ýurduna öwrülen eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW
www.tdh.gov.tm