Golaýda «Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy» sport öýünde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp dzýudo boýunça Aşgabat şäheriniň birinjiligi geçirildi. Ýaryş 2006-2007-nji ýyllarda doglan ýetginjek oglanlaryň arasynda guraldy.
9 agram derejesinde geçirilen bäsleşige 130-dan gowrak türgen gatnaşdy. Geçirilen ýaryşyň netijesinde Eminmuhammet Saparmyradow (35 kg.), Babahan Dönmezow (38 kg.), Ahmet Nuryýew (42 kg.), Ýusup Nuryýew (46 kg.), Söhbet Myratgulyýew (50 kg.), Batyr Merdanow (55 kg.), Umyt Ýakubow (60 kg.), Durdy Durdyýew (66 kg.), Daniil Honenkow (+66 kg.) dagylar öz agramlarynda I orna eýe bolmagy başardylar.
Şeýle-de, çekeleşikli geçen ýaryşyň netijesinde 1-nji sport mekdebi I orna, 4-nji sport mekdebi II orna, Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Sport mekdebi bolsa III orna mynasyp boldular.
Ýaryşda baýrakly orunlary eýelän türgenlere Aşgabat şäheriniň 1-nji sport mekdebiniň Hormat hatlary we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň sowgatlary gowşuryldy.
Annamyrat SÄHEDOW,
ýaryşyň baş emini, Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň1-nji sport mekdebiniň tälimçisi.