Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Türkmen türgeni Gurbannazar Amandurdyýew Iordaniýada geçirilen Aziýa çempionatynda kümüş medal gazandy

Türkmenistanyň 17 ýaşly türgeni Gurbannazar Amandurdyýew Ammanda geçirilýän karate boýunça ýaşlaryň, ýetginjekleriň we 21 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilýän Aziýanyň 24-nji çempionatynda hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Aziýanyň Karate federasiýasynyň (AKF) howandarlygynda geçirilýän abraýly ýaryş Iordaniýanyň paýtagtynda dünýäniň 21 ýurdundan iň güýçli 338 türgeni bir ýere jemledi. Olar kata (resmi maşklar) we kumite (söweşler) görnüşlerinde medallar ugrunda bäsleşýärler.

Gurbannazar Amandurdyýew 17 ýaşdan uly bolmadyk ýetginjekleriň arasynda 55 kilograma çenli agram derejesinde kumite boýunça kümüş medal gazandy. Bu üstünlik ýaş türgeniň hünär ýolundaky nobatdaky möhüm ädimi boldy. Mundan bir ýyl öň Hytaýyň Şaoguan şäherinde geçirilen ýetginjekleriň arasynda yklym çempionatynda ol bürünç medal gazanypdy.

Gurbannazar çagalygyndan bäri söweş sungaty bilen meşgullanýar. Ol ilkinji halkara kubogyny 2020-nji ýylyň ýanwarynda Türkiýede geçirilen ýaryşda gazandy. Şonda ol 10 ýaşa çenli çagalaryň arasynda 30 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medal eýeledi.

Soňky ýyllarda türkmen karateçisi iri sebit we dünýä ýaryşlarynda yzygiderli baýrakly orunlary eýeläp gelýär. Bütindünýä Karate federasiýasynyň (WKF) howandarlygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Fujeýra şäherinde geçirilen «Karate boýunça Ýaşlar ligasydünýä seriýasynyň ýaryşlarynda ol 55 kilograma çenli agram derejesinde iki gezek bürünç medal gazandy: ilkinji gezek 2024-nji ýylyň fewralynda, soňra bolsa 2026-njy ýylyň fewralynda 16–17 ýaşly türgenleriň arasynda.

Häzirki wagtda Gurbannazar Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiniň 12-nji synpynda okaýar. Ol türgenleşiklerini Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Aýdyň Çaryýewiň ýolbaşçylygynda geçirýär.