Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Diplomatik jemgyýet Aşgabatda geçirilen küşt ýaryşyna gatnaşdy

Türkmenistandaky Fransuz institutynda Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň wekillerini hem-de olaryň maşgala agzalaryny birleşdiren küşt ýaryşy geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Küşt federasiýasy we Türkmenistandaky Fransuz instituty bilelikde gurady. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Bäsleşik Halkara Küşt güni mynasybetli guralyp, halkara hyzmatdaşlygy, medeni alyş-çalşygy ösdürmäge we dürli döwletleriň wekilleriniň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga hyzmat edýän intellektual sport görnüşine bolan gyzyklanmanyň barha artýandygyny ýene-de bir gezek görkezdi.

Ýaryş 7 tapgyrdan ybarat şweýsar ulgamy boýunça blis formatynda geçirildi. Wagtyň gözegçiligi her oýunçy üçin 7 minut bolup, her edilen göçüm üçin goşmaça 3 sekunt berildi.

Ýaryşyň netijeleri boýunça BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (UNDP) wekili Rahman Saparbaýew ähli ýedi oýunda ýeňiş gazanyp, 7 utuk bilen birinji orny eýeledi. Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ilçihanasynyň wekili Folker Başe 6 utuk bilen ikinji orna mynasyp boldy. Üçünji orny bolsa 5 utuk bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň ilçihanasynyň wekili Maýkl Finn eýeledi.

Sylaglamak dabarasynda ýörite baýraklar hem gowşuryldy. Zenanlaryň arasynda iň gowy netije görkezen gatnaşyjy hökmünde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň wekili Ýelina Larina ykrar edildi. Şeýle hem iň ýaş gatnaşyjy – Täjigistan Respublikasynyň ilçihanasyna wekilçilik eden 11 ýaşly Komron Niýatbekow aýratyn baýraga mynasyp boldy.