2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlaryň Kronenberg şäherindäki «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty we gözellik bäsleşigi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen brifingde habar berildi.
Çäräni «Türkmen atlary» döwlet birleşigi bilen Ahalteke atlarynyň Ýewropa assosiasiýasy bilelikde guraýar. Çempionat Türkmenistanda 2026-njy ýylda bellenilýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ̶ bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar bilen geçirilýän ýylyň çäklerinde guralýar.
Çempionatyň maksatnamasyna atçylyk-sport ýaryşlary, ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigi, ahalteke atlarynyň tohumyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat, şeýle hem türkmen halkynyň medeniýetini we däp-dessurlaryny şöhlelendirýän sergi giriziler. Şeýle-de «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň çykyşlary meýilleşdirilýär. Çärelere Türkmenistanyň wekilçilikli wekiliýetiniň gatnaşmagyna garaşylýar.