Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Ýurdumyzyň birinjiligi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň sport toplumynda gandbol boýunça 2010-njy ýylda doglan we ondan kiçi ýaşly oglan-gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi.

Gandbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligine ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden toparlar gatnaşdy. Ýaryş ýaş türgenleriň taýýarlyk derejesini görkezmek, tejribe alyşmak hem-de sport ussatlygyny kämilleşdirmek babatda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Gyzlaryň arasynda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 9-njy sport mekdebiniň topary üstünlikli çykyş edip, 1-nji orny eýeledi. Mary welaýatynyň topary 2-nji, Balkan welaýatynyň topary bolsa 3-nji orunlara mynasyp boldular. Aşgabat şäheriniň toparyndan Alina Ýakubowa, Wiktoriýa Ýerşenko, Selbi Mollaýewa we Mariýa Baranowa ýaly ýaş türgenler has-da tapawutlandylar. Topary bäsleşige Gülendam Narbaýewa taýýarlady.

Oglanlaryň arasynda Balkan welaýatynyň topary ýeňiji boldy. Lebap welaýatynyň topary 2-nji, Aşgabat şäheriniň topary bolsa 3-nji orunlary eýelediler. Ýaryşda Bahtiýar Şarafutdinow, Ýusup Bekjanow we Kerim Döwletgeldiýew ýaly ýaş gandbolçylar tapawutlandylar. Ýeňiji bolan toparlary ýaryşa Marina Diwanowa, Amir Töraýew, Baýramgeldi Çulumbaýew taýýarladylar.

Çekeleşikli ýagdaýda geçen ýaryş ýaşlaryň sporta bolan höwesini has-da artdyrdy. Şeýle bäsleşikler türgenleri halkara derejeli ýaryşlara taýýarlamaga, ýurdumyzda gandbol sportunyň ösdürilmegine hem-de sagdyn we ruhubelent ýaş nesli kemala getirmäge uly goşant goşýar.

«Türkmen sporty» gazeti