Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

 Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň sport hyzmatdaşlygy täze tapgyra gadam basýar

2026-njy ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary üstünlikli tamamlandy. Saparyň çäklerinde iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikler dostlukly gatnaşyklary, özara ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň möhüm ugurlaryny öz içine aldy.

Gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin görnüşde dowam etdirildi. Duşuşyklaryň netijeleri boýunça Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda birnäçe möhüm resminamalara gol çekildi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze ugurlary kesgitlenildi.

Gol çekilen resminamalaryň arasynda sport ulgamyna degişli möhüm ylalaşyk hem aýratyn orun eýeleýär. Hususan-da, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Ýaşlar we sport ministrliginiň arasynda sport babatynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Bu resminama iki ýurduň sport ulgamyndaky gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga, tejribe alyşmaga, türgenleriň we tälimçileriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, bilelikdäki sport çärelerini geçirmek üçin täze mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilendir.

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda sport ulgamyndaky hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda işjeň häsiýete eýe bolýar. Iki ýurduň türgenleri halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, sport diplomatiýasynyň halklary ýakynlaşdyrýan möhüm ugurlaryň biridigini görkezýärler.

Täze gol çekilen Ähtnama sport boýunça gatnaşyklary ösdürmekde nobatdaky möhüm ädim hökmünde baha berilýär. Ol iki dostlukly döwletiň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, ýaşlaryň sporta bolan gyzyklanmasyny artdyrmak we halkara sport giňişliginde özara goldawy güýçlendirmek babatda täze mümkinçilikleri açýar.

«7/24.tm».