Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Türkmen türgenleri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynda  we dünýä çempionatynda

Suwda ýüzmek boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň türgenleri 19-njy mart — 9-njy mart aralygynda Gruziýa Respublikasynyň Kutaisi şäherinde geçirilen okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşdylar. Toparda 8 türgen, 2 tälimçi Türkmenistanyň adyndan wekilçilik etdi. Bu çärä gatnaşmak üçin milli ýygyndy toparymyz 19-njy mart — 10-njy aprel aralygynda dostlukly ýurtda iş saparynda boldy.

***

Söweş sambosy boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy 23-nji mart — 13-nji aprel aralygynda Tailand Patyşalygynyň Koh Samui adasynda geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşýarlar. Toparyň düzüminde 28 türgen, 3 tälimçi bar. Bu halkara sport çäresine gatnaşmak üçin milli ýygyndy toparymyzyň agzalary 23-nji mart — 14-nji aprel aralygynda dostlukly ýurtda iş saparynda bolýar.

***

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň türgenleri 1 — 5-nji aprel aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçirilen aşihara karate boýunça dünýä çempionatyna gatnaşdylar. Toparda 10 türgen, 3 tälimçi ýurdumyzyň adyndan wekilçilik etdiler. Bu halkara sport bäsleşigine gatnaşmak üçin milli ýygyndy toparymyz 1 — 6-njy aprel aralygynda dostlukly döwletde iş saparynda boldy.

 

«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly.