Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Aşgabatda Ýewropa gününe bagyşlanan ylgaw ýaryşy geçiriler

2026-njy ýylyň 11-nji aprelinde Aşgabat şäherinde Ýewropa gününe bagyşlanan köpçülikleýin inklýuziw ylgawy geçiriler. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Bu çäre Türkmenistandaky Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti tarapyndan Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen bilelikde, şeýle-de türgenleri, höwesjeň ylgawçylary we raýatlary sagdyn durmuş, dostluk we jebislik ruhunda birleşdirýän «Run-Rush» jemgyýetçilik hereketiniň goldawy bilen guralýar.

Ylgawyň ähli aralyklarynyň ugurlary Garaşsyzlyk seýilgähiniň töwereginden geçer.

2 kilometr aralykdaky ylgawa 16 ýaşa çenli çagalar ulylaryň ýoldaşlygynda gatnaşyp bilerler, 5 kilometr we 10 kilometr aralykdaky ylgawlara bolsa 16 ýaşdan uly raýatlar gatnaşyp bilerler.

Ýeňijilere we işjeň gatnaşyjylara baýraklar we ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.

Öňünden oflaýn görnüşinde hasaba alyş 7-8-nji aprelde sagat 16:00-dan 20:00-a çenli Aşgabadyň 9-njy etrapçasynda ýerleşýän «Hiroo» kofehanasynda hem-de Magtymguly şaýolynyň 150-nji jaýynda ýerleşýän zoo-dükanynda geçiriler.

Hasaba alynmak üçin şahsyýetiňizi tassyklaýan resminamany görkezmeli.

Bu çäräni guramak bilen Türkmenistandaky Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti ähli adamlary Ýewropa gününi joşgun, höwes we jebislik ruhunda geçirmäge çagyrýar.