“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda 2026-njy ýylyň 01-02-nji apreli aralygynda sportuň dzýudo göreş görnüşi boýunça 2009-2010-njy we 2011-2012-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda “Olimp” orta sport mekdebiniň açyk birinjigi guramaçylykly geçirildi. “Olimp” orta sport mekdebiniň okuwçy-türgenleri dürli agram derejelerinde çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldy. Olardan: 2011-2012-nji ýyllar: 34kg agramda Muhammedaly Haýdarow I orna, Kasym Ýazberdiýew II orna, Merdan Narbaýew III orna; 38kg agramda Täçmyrat Gurbannazarow III orna, Döwlet Hudaýkulow III orna; 46kg agramda Abdyreşit Atajanow I orna, Jorabek Çaryýew III orna, Şerzod Kulnaýew III orna; 50kg agramda Jorabek Nuriddinow I orna, Rowaç Atamyradow II orna; 55kg agramda Abdyhalil Nurmyradow I orna; 66kg agramda Merdan Seýitkulow III orna; 2009-2010-njy ýyllar: 46kg agram derejesinde çykyş edip Aýly Hydyrow I orna; 55kg agram derejesinde çykyş edip Binýatbek Rozymyradow III orna; 60kg agramda Talyp Babahanow I orna, 66kg agramda Batyr Begmyradow I orna, Pälwan Taganow II orna, Döwlet Amanakow III orna, 73kg agramda Muhammet Annaýarow II orna; 81kg agramda Pälwan Allamyradow I orna, Meýlis Toýlyýew II orna; 90kg agramda Umyt Nazarow II orna mynasyp boldular.
Şeýle-de, bu ýaryşda baýrakly orunlary eýelän türgenlere “Olimp” orta sport mekdebi tarapyndan hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşyryldy.
“Olimp” orta sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy, Sapar Durdyýew