Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Bosagada Bütindünýä saglyk güni

Türkmenistan Watanymyzda Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan bedenterbiýe-sport hem-de medeni-köpçülikleýin çärelere uludan taýýarlyk görülýär. 2026-njy ýylyň 7-nji aprelinde ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli dürli çäreler meýilleşdirilýär. Bu çäreleriň hatarynda mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň hem-de türgenleriň gatnaşmagynda forumlar, ylmy we medeni duşuşyklar, şeýle-de, welosiped ýörişleri we sport çäreleri bar.

Şanly sene mynasybetli geçirilmegi däbe öwrülen köpçülikleýin welosipedli ýöriş jemgyýetde agzybirligiň, jebisligiň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň, sportuň dabaralanýandygynyň subutnamasyna öwrüler. Şeýle çäreler sportuň hemmeler üçin elýeterli gymmatlykdygyny görkezýär. Ýaşlaryň arasynda geçiriljek sport ýaryşlary maksada okgunlylygy, özüňe bolan ynamy terbiýelemekde ajaýyp mümkinçilik bolup hyzmat eder. Ylmy maslahatlaryň hem meýilnama girizilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Sebäbi bu saglyk, sport ulgamlary boýunça nazaryýetde öwrenilenleriň jemlenmesi, pikir alyşmalaryň meýdançasy bolup hyzmat edýär. Medeniýet bilen sportuň utgaşdyrylmagy bolsa, bu çärä aýratyn ruhubelentlik çaýýar.

Aýdym-sazly çykyşlar, milli oýunlar dabara öwüşgin berip, halkymyzyň baýramçylyk joşgunyny artdyrar. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçiriljek çäreler ýurdumyzyň bu ugurda gazanan üstünliklerini görkezmäge, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge ýardam eder.

 «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly.