Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

«Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň  täze sany okyjylar köpçüligine ýetirildi

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň 2026-njy ýyldaky ilkinji sany çapdan çykdy.

2026-njy ýylyň başynda neşir edilen bu  täsirli žurnalda ýurdumyzyň birinji çärýekdäki jemgyýetçilik-syýasy, sport we medeni durmuşyndaky möhüm wakalar baradaky habarlar, awtorlyk oçerkler hem-de makalalar ýerleşdirildi. Hususan-da, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilen bu şöhratly ýylyň başynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara derejesindäki nobatdaky üstünliklerine aýratyn orun berildi.

Şeýle-de, žurnalyň sahypalarynda türkmen alabaýlary, ahalteke bedewleri we atçylyk sportunyň aýratynlyklary baradaky gyzykly materiallar bilen tanyşmak bolýar.

Žurnalyň esasy mowzuklarynyň biri hem şu ýyl döredilmegine 5 ýyl dolan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan giň gerimli işlerine bagyşlandy. Bu mowzugyň dowamynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň ähmiýeti barada hünärmenleriň maslahatlary hem okyjylara ýetirilýär.

Täze sanda milli sportuň ösüşi baradaky synlar bilen bir hatarda, türkmen türgenleriniň halkara arenalaryndaky ýeňişleri, şol sanda türgen gyzlarymyzyň gazanan üstünlikleri baradaky makalalar aýratyn bölüm bolup durýar.

Žurnalyň reňkli suratlar bilen bezelen sahypalarynda ýurdumyzyň sport infrastrukturasynyň depginli ösüşi beýan edilýär. Bu günki gün Aşgabat şäheriniň, Arkadag şäheriniň we welaýatlaryň döwrebap sport desgalary iri ýaryşlaryň geçirilýän ýerine, ýaşlaryň we uly nesliň sport bilen meşgullanýan mekanyna öwrüldi.

Bu toplumlaýyn materiallar türkmen türgenleriniň, ýurdumyzyň we dünýäniň sport ýyldyzlarynyň durmuşy, şeýle-de dünýä sportunyň taryhyndaky gyzykly maglumatlar bilen utgaşýar.

Hormatly okyjylar, «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly sizi sportuň täsirli we gyzykly dünýäsine syýahata çagyrýar. Neşiriň täze sanyny «turkmenmetbugat.gov.tm» milli media-platformasyndan okap bilersiňiz.

 Meňli KULYÝEWA,

«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly.