Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny berkitmegiň, ýaş nesliň beden hem-de ruhy taýdan sazlaşykly ösmeginiň esasy şertidir. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda bu ugur döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir. Ilatyň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegini üpjün etmek, ýaşlary sporta çekmek hem-de ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak maksady bilen giň gerimli özgertmeler yzygiderli amala aşyrylýar. Bedenterbiýe we sport arkaly ýaşlaryň watançylyk ruhunda terbiýelenmegi, olaryň erjelliginiň, maksada okgunlylygynyň artmagy möhüm wezipeleriň biridir. Bu ugurda “Olimp” orta sport mekdebinde hem yzygiderli sport ýaryşlary geçirilýär we okuwçy-türgenlerimiz baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda 2026-njy ýylyň 31-nji ýanwarynda sportuň dzýudo görnüşi boýunça 2009-2010-njy we 2011-2012-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň we “Olimp” orta sport mekdebiniň açyk birinjiligi “Olimp” orta sport mekdebiniň dzýudo sport zalynda guramaçylykly geçirildi. “Olimp” orta sport mekdebiniň okuwçy-türgenleri dürli agram derejelerinde çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldy. Olardan: Begenjow Hasan 50kg, Nurýagdyýew Abdyhalil 55kg, Nuridinow Jorabek 46kg, Nuridinow Sardorbek 73kg, Rowşanow Arslan 60kg agram derejelerinde çykyş edip, I orna mynasyp boldular. Begmyradow Batyr 66kg agram derejesinde çykyş edip, II orna mynasyp boldy. Amangeldiýew Allaberdi 55kg, Gurbannazarow Goçmyrat 38kg, Hudaýkulow Döwlet 38kg, Berdiýew Suhrap 60kg agram derejesinde çykyş edip, III orna mynasyp boldular.
Türkmen sportunyň hak howandary Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz bedenterbiýäni we sporty dünýä derejesinde ösdürmekde berýän goldawlary-hemaýatlary üçin köp sagbolsun aýdýarys.
“Olimp” orta sport mekdebiniň sport işleri boýunça direktoryň orunbasary, Kuwwatgylyç Nurgylyjow