Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

«Arkadag» topary bilen Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» toparynyň arasyndaky duşuşyk halkymyz üçin uly baýramçylyga öwrüler

AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň çäklerinde 11-nji fewralda Türkmenistanyň «Arkadag» hem-de Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» toparlarynyň arasynda geçiriljek oýun halkymyz üçin hakyky baýramçylyk bolar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bu duşuşygyň geçiriljek ýeri bolan paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesine baran mahalynda aýtdy.

Aşgabadyň 45 müň orunlyk Olimpiýa stadiony Merkezi Aziýada iň iri sport desgadyr. Bu stadion 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üçin gurlupdy. AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň öňde duran oýny stadionyň taryhyndaky ilkinji resmi futbol duşuşygy bolar.

Ýatladyp geçsek, «Arkadag» futbol topary we Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» topary Aziýanyň ähmiýeti boýunça ikinji topar ýaryşynyň 1/8 final tapgyrynda özara iki gezek duşuşarlar. Birinji duşuşyk Türkmenistanda, jogap duşuşygy bolsa 18-nji fewralda Saud Arabystanyda geçiriler. Iki duşuşygyň netijesi boýunça ýeňiji bolan topar çärýek finalda «Al-Zawraa» (Yrak) – «Al-Wasl» (BAE) jübütiniň ýeňijisi bilen duşuşar. Günbatar zolagynyň beýleki çärýek finallarynda «Foolad Mobareke Sepahan» (Eýran) – «Al-Ahli» (Katar) we «Esteghlal» (Eýran) – «Al-Husseýn» (Iordaniýa) jübütleriniň ýeňijileri güýç synanyşarlar.

«Al-Nasr» toparynda 2023-nji ýyldan bäri öz nesliniň iň beýik futbolçylarynyň biri hasaplanýan Kriştianu Ronaldu çykyş edýär. «Arkadag» topary bilen duşuşyk wagtyna çenli onuň 41 ýaşy dolýar. Ol UEFA Çempionlar ligasynyň bäş gezek ýeňijisi, 2016-njy ýylyň Ýewropa çempiony, Portugaliýanyň milli ýygyndysy bilen UEFA Milletler ligasy-2024/2025-nji ýyllaryň ýeňijisidir. K.Ronaldu bäş «Altyn topuň» we dört «Altyn butsyň» eýesidir, milli ýygyndyda we Ýewropa kuboklarynda iň köp gol geçiren futbolçydyr. Angliýanyň, Ispaniýanyň we Italiýanyň çempionatlarynda ýeňiji bolan ýeke-täk futbolçydyr. 2024-nji ýylda ol resmi oýunlarda 900-den gowrak gol geçiren taryhdaky ilkinji oýunçy boldy.