Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Aşgabatda saglygy goraýşa, bilime we sporta bagyşlanan sergi öz işine başlady

Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we onuň çäklerindäki ylmy maslahat öz işine başlady. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleri, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde guralan ýöriteleşdirilen serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, saglygy goraýyş ulgamynyň köp sanly işgärleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.

Soňra dabaranyň köp sanly myhmanlary halkara sergide ýaýbaňlandyrylan diwarlyklar bilen tanyşdylar.

Döredijiligiň gözbaşy saglykdan, saglygyň gözbaşy bolsa sagdyn durmuş ýörelgelerinden başlanýar. Muňa Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň diwarlygynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Onda halkara olimpiadalardyr ýaryşlaryň ýeňijileriniň kuboklary, medallary we diplomlary görkezilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň netijesinde türkmen sporty hem hil taýdan täze derejä çykaryldy. Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar. Türkmenistan sport diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini parahatçylygyň hem dostlugyň bähbitlerine gönükdirip, ilkinji nobatda, dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň we «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi.

Tanyşdyrylyş dabaralaryndan soňra, Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly ylmy maslahatyň plenar mejlisi geçirildi. Oňa daşary ýurtlaryň birnäçesinden görnükli alym-professorlar, ylymlaryň doktorlary, saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, Ynsan saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, çykyşlarda bedenterbiýäniň we sportuň halklaryň arasyndaky dost-doganlygy, parahatçylykly gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky ähmiýeti bellenildi. Halkara gatnaşyklarda sportuň ähli görnüşleriniň ösdürilmegini, aýratyn-da, mümkinçilikleri çäkli çagalaryň sporta çekilmegini hem-de olaryň jemgyýete doly derejeli goşulyşmagyny üpjün etmek babatda durmuşa geçirilýän bilelikdäki çäreleri dowam etdirmegiň zerurdygyna üns berildi.

Ylmy maslahatyň ikinji we üçünji güni lukmançylyk, bilim, ylym we sport ulgamlarynyň 20 ugry boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hem-de saglygy goraýyş edaralarynda geçiriljek bölümçelerde dowam eder.