Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Türkmen karateçileri Aziýa çempionatynda iki bürünç medala mynasyp boldular

Hytaýyň Şaoguan şäherinde geçen 21 ýaşa çenli ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda 23-nji Aziýa çempionatynda türkmen karateçileri üstünlikli çykyş edip, iki bürünç medala eýe boldular. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Guandun welaýatynyň şäher etrabynda Aziýanyň karate federasiýasynyň (AKF) guramagynda geçirilen ýaryşa 30 döwletiň 498 türgeni gatnaşdy.

Aziýanyň karate boýunça birinjilikde Türkmenistanyň ýygyndy topary 8 türgenden ybarat boldy. Olaryň ikisi baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Türkmenistanly türgenleriň arasynda birinji bürünç medala Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň daşary ýurt dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän 16-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Gurbannazar Amandurdyýew mynasyp boldy. Ol bu üstünligi 16–17 ýaşly ýetginjekleriň arasynda 55 kilogram agram derejesinde geçirilen kumite boýunça ýaryşda gazandy.

Bäsleşigiň jemleýji gününde Türkmenistanyň ýygyndy toparyna ikinji bürünç medala Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 2-nji ýyl talyby Garamämmet Garamämmedow eýe boldy. Ol bu medaly 21 ýaşa çenli türgenleriň arasynda 60 kilogram agram derejesinde geçirilen kumite boýunça ýaryşda gazandy.