Soňky habarlar

Röwşen Meredow Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi

2027-nji ýyldaky Aziýa Kubogy ýaryşynyň saýlama oýunlarynda Taýland bilen duşuşyga iki hepde galanda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyna täze baş tälimçi bellenildi. Ol 42 ýaşly hünärmen, PRO kategoriýaly ýokary hünär tälimçilik ygtyýarnamasynyň eýesi, sport ussady Röwşen Meredowdyr. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi hökmünde R.Meredow Aziýa Kubogy saýlama oýunlarynda myhmançylykda Hytaý Taýbeýiniň toparyny 2:1 hasabynda ýeňip, türkmen futbolçylarynyň 2023-nji ýyldan bäri resmi oýunlarda bir ýeňiş gazanan toparyna Mergen Orazowyň ornuna geldi.

Röwşen Meredow Balkanabatda çagalar we ýaşlar sport mekdebiniň tälimçisi Waleriý Rewazowiç Skitişwiliniň toparynda futbol oýnap başlady. Soňra ýokary liganyň «Nebitçi», «Dagdan», «Galkan», «Ahal» we HTTU-nyň toparlarynda çykyş etdi.

2003-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini hukukçy-ýurist hünäri boýunça hukuk fakultetini tamamlady.

2013-nji ýylda futbol oýnamagyny goýandan soň tälimçilige geçdi.

R.Meredowyň ýolbaşçylygynda HTTU-nyň topary 2014-nji ýylda Aziýa toparlarynyň ähmiýeti boýunça üçünji derejeli ýaryşy – AFK-nyň prezidentiniň Kubogyny eýeledi, «Ahal» topary bolsa 2017-nji ýylda Türkmenistan Kubogyny, şeýle hem milli çempionatda üç gezek kümüş medal gazandy.

2020-nji ýylda Daşkentde iki ýyl töweregi okandan soň, Röwşen Meredow dünýäniň islendik ýurdunda klub we milli ýygyndy toparlara tälim bermek hukugyny berýän PRO kategoriýasynyň ýokary hünär ygtyýarnamasyny almak üçin FIFA we AFK tarapyndan ykrar edilen diplomyny üstünlikli gorady. Şondan soň daşary ýurtlarda işläp, tejribe edindi. 2020-nji ýylda Özbegistanyň «Gyzylkumyna», 2022-nji ýylda Gyrgyzystanyň «Kaganatyna» tälim berdi.

2025-nji ýylyň başyndan Röwşen Meredow Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň tehniki bölümine ýolbaşçylyk edýär, ol çagalar, zenanlar, köpçülikleýin futbol, şeýle hem futzal we tälimçilik bilimini ösdürmek bilen meşgullanýar. 2020-nji ýyldan bäri «Arsenal» toparynyň öňki baş tälimçisi Arsen Wengeriň ýolbaşçylygyndaky ählumumy futbol ösüşi taslamasynda FIFA-nyň tehniki hünärmeni bolup işleýär.

Indi Röwşen Meredowyň öňünde çylşyrymly wezipe dur – Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny 2027-nji ýylda Saud Arabystanynda geçiriljek Aziýa Kubogy ýaryşyna çykarmaly. Munuň üçin «D» toparçada Taýlandyň, Hytaý Taýbeýiniň we Şri-Lankanyň toparlarynyň arasynda birinji orny eýelemeli.

Öň türkmen futbolçylarynyň diňe Aziýa kubogynyň soňky tapgyryna iki gezek gatnaşandygyny ýatladýarys. Ilkinji gezek – 2004-nji ýylda Hytaýda, ikinji gezek bolsa 2019-njy ýylda Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilen ýaryşa gatnaşdylar.