Bu oýundaky ähli gollar oýnuň birinji ýarymynda tora girizildi. Türkmenistanyň häzirki çempionynyň düzüminde Arzuwguly Sapargulyýew (9-njy minut), Ýazgylyç Gurbanow (20-nji) we Begenç Akmämmedow (30-njy) dagy tapawutlandy.
Bu ýeňişden soň 27 utuk toplan «Arkadag» topary ikinji orunda durýan «Ahal» toparyndan 2 utuk we üçünji orunda barýan «Altyn asyr» toparyndan 5 utuk öňe geçmek bilen, ýaryş sanawynyň başyna bardy. Özi-de «Arkadag» topary, beýleki toparlardan tapawutlulykda, iki oýny az oýnady.
Garşydaş derwezelere iň köp top salanlaryň arasynda «Arkadag» toparynyň hüjümçileri Altymyrat Annadurdyýew, Begenç Akmämmedow we Didar Durdyýew dagynyň hersi derwezä 6 top salyp, öňdeligi eýelediler. Olaryň topardaşy Yhlas Saparmämmedow we Meýlis Diniýew («Ahal») 1 topy az saldylar. Abdyresul Abdyýew («Merw») bilen Zafar Babajanowyň («Altyn asyr») hersi 4 top saldy. Mekan Aşyrowyň («Şagadam»), Bäşim Gurbanberdiýewiň («Aşgabat») we Daýanç Meredowyň («Ahal») hersiniň hasabynda derwezä salnan 3 top bar. Myrat Annaýew, Süleýman Muhadow, Selim Nurmyradow, Ruslan Täjiýew (dördüsem «Altyn asyrdan»), Welmyrat Ballakow, Arzuwguly Sapargulyýew, Şanazar Tirkişow (üçüsem «Arkadag» toparyndan), Gurban Annaýew, Elman Tagaýew (ikisem «Ahaldan»), Meýlis Gaýlyýew, Pirmyrat Soltanow (ikisem «Aşgabatdan») we Yhlas Magtymow («Şagadam») dagynyň hersi garşydaş derwezelere 2 top salypdyr.