Soňky habarlar

Mary şäherinde çagalar futbol festiwaly geçirildi

AFK-nyň amala aşyrýan köpçülikleýin futbol gününiň çäginde Mary şäherinde geçirilen çagalar futbol festiwalyna 250-den gowrak ýaş futbolçy gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Sportuň şu görnüşini ösüp gelýän ýaş nesliň arasynda ýaýratmak maksady bilen, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Marynyň «Merw» futbol topary bilen bilelikde ýola goýan bu çäresi 25-nji maýda bellenilýän Bütindünýä futbol gününe gabat getirildi.

Sport baýramynyň maksatnamasy ýüwrüklik ýaryşlaryny, derwezä top urmagy, topy ýere düşürmän oýnamagy we kiçi oýunlary öz içine alýan birnäçe tabşyrykdan ybaratdy. Olaryň ýerine ýetirilişine ökde tälimçiler gözegçilik etdiler.

Festiwal çagalarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Baýram tamamlanandan soň, oňa gatnaşanlaryň hemmesine ýadygärlik sowgatlar berildi.