Ýakynda Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynda 6-njy tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Ýurdumyzyň futzal ligasynyň 5-nji, 6-njy hem-de 7-nji tapgyrlarynyň Balkan welaýatynda geçirilýändigini bellemek gerek.
Tapgyryň birinji duşuşygynda «Ahal» «Deňizçi» topary bilen duşuşdy. Döreden mümkinçiliklerini ýerlikli peýdalanan «Deňizçi» 5:3 hasabynda garşydaşyndan üstün çykdy.
Türkmenbaşy şäheriniň TNGIZT topary bilen duşuşan ýaryş tertibiniň öňbaşçysy «Köpetdag» topary hem netijeli çykyş etdi. Parahat Garaýewiň tälim berýän topary garşydaşyny 7:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. «Migrasiýa» topary «Senagatbanky» ýeňmegi başardy – 2:1.
Şeýlelikde, 15 utuk toplan «Köpetdag» topary ýaryş tertibinde birinji orny eýeleýär. Ikinji, üçünji orunlarda 10 utukdan toplan «Migrasiýa» bilen «Senagatbank» toparlary ornaşdylar.
Ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasynyň 7-nji tapgyrynyň duşuşyklary 17-nji maýda geçiriler. Şonda «Migrasiýa» – TNGIZT, «Senagatbank» – «Ahal», «Köpetdag» – «Deňizçi» toparlary öz aralarynda bäsleşerler.
«Türkmen sporty» gazeti