Mýanma, Bahreýn we Bangladeş toparlary Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen bije atyşykdan soň, 2026-njy ýylda zenanlaryň arasynda geçiriljek Aziýa kubogynyň saýlama tapgyrynda Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň garşydaşlary boldy. Bu ýaryşyň final tapgyry 2026-njy ýylda Awstraliýada geçiriler.
Bijeden öň 34 topar reýtingine görä bäş sebede bölündi. Türkmenistan (reýtingde 141-nji orun) Singapur (139), Pakistan (157), Şri-Lanka (158), Gündogar Timor (159), Maldiwler (163) we Saud Arabystany (166) bilen bilelikde dördünji sebetde ýerleşdirildi. Bu sebetdäki toparlar saýlama tapgyryň 8 toparyna bölündi. Netijede, Türkmenistan «C» toparyna düşdi. Bu topardaky oýunlar Mýanmada geçiriler.
Saýlama tapgyryň ähli toparlardaky oýunlary 2025-nji ýylyň 23-nji iýunyndan 5-nji iýulyna çenli merkezi görnüşde geçiriler. 12 topardan ybarat final ýaryşy 2026-njy ýylyň 1-21-nji marty aralygynda Awstraliýanyň Sidneý, Pert we Gold-Kost şäherlerinde geçiriler. Bu stadionlar 2023-nji ýylda Awstraliýa we Täze Zelandiýada guralan zenanlaryň Dünýä kubogynyň oýunlary üçin hem ulanylypdy.