Soňky habarlar

Türkmen futbolçylary Hytaý Taýpeýini ýeňdiler

Türkmenistanyñ futbol boýunça milli ýygyndysy 2027-nji ýyldaky Aziýa kubogynyň saýlama tapgyrynyň çäklerinde Hytaý Taýpeýiniň ýygyndysyny myhmançylykda ýeňmegi başardy. «D» toparçanyň duşuşygy Gaosýun şäherinde geçirildi we myhmanlaryň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy. Ýerli toparyň ýeke-täk goluny Anj Samuýel (63 minut) tora saldy. Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde Elman Tagaýew (48 minut) bilen Ýazgylyç Gurbanow (83 minut) tapawutlandy.

Aziýa kubogyna «D» toparçanyň ýeňijisi gatnaşmaga hukuk gazanar. Bu toparçada şeýle-de Taýlandyň we Şri-Lankanyň milli ýygyndylary çykyş edýär. Nobatdaky tapgyrda Türkmenistanyñ ýygyndysy 10-njy iýunda Taýland bilen öz meýdançasynda duşuşar, Hytaý Taýbeýi bolsa Şri-Lanka bilen myhmançylykda oýnar.

Saud Arabystanynda ilkinji gezek geçiriljek Aziýa kubogyna saýlama tapgyrdaky alty toparyň ýeňijileri gatnaşar. Mundan ozal 18 topar final tapgyrynda oýnamaga hukuk gazandy.

Aziýa kubogy her dört ýyldan bir gezek geçirilýär. Ilkinji ýaryş 1956-njy ýylda guralypdyr.

www.sportcom.gov.tm