Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

«Ahal» Çempionlar ligasyndaky ilkinji oýnuna taýýarlyk görýär

Türkmenistanyň çempiony «Ahal» Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň Çempionlar ligasynyň toparçadaky ýaryşynda çykyş edýär.

Ildeşlerimiz ilkinji duşuşyklaryny 2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda   paýtagtymyzdaky «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirerler.

«Ahalyň» Çempionlar ligasynyň toparçasyndaky ilkinji bäsdeşi Saud Arabystanyň kubogynyň eýesi «Al-Feýha» kluby bolar.

«Al-Feýha» El-Majmaa şäherine wekilçilik edip, garşydaşlaryny «Korol Salman Sport Siti» stadionynda kabul edýär.

www.sportcom.gov.tm