Aşgabat, 7-nji aprel. Şu gün Türkmenistanda, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni bellenildi. Milli senenamada berkidilen bu halkara senä gabatlanylyp, köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.
Saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin uly gymmatlykdyr, çünki ol beden taýdan sagdynlygyň we güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, umuman, abadan durmuşyň gözbaşydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ugur Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde eziz Watanymyzda giň gerime eýe bolan köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýär.
Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýylsaýyn bu herekete türkmenistanlylaryň barha köp sanlysy goşulýar. “Saglyk” Döwlet maksatnamasy, beýleki degişli maksatnamalar, şäherlerde we oba ýerlerinde lukmançylyk we sport düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Paýtagtymyzda we sebitlerde iň täze enjamlar hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş edaralary we şypahana ulgamynyň binalary, sport desgalary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri guruldy, hereket edýän ugurdaş desgalar döwrebaplaşdyryldy.
Bedenterbiýe we sport, şol sanda sportuň suwdaky görnüşleri bilen meşgullanmak üçin Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ajaýyp mümkinçilikler döredildi. Şunuň bilen baglylykda, 2014-nji ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda windsörfing boýunça dünýä Kubogy ugrundaky ýaryşyň tapgyrynyň geçirilendigini bellemek ýerlikli bolar. Türkmenistan şol ýaryşlar arkaly ilkinji gezek ýelkenli sport boýunça halkara bäsleşikleriň tapgyryna goşuldy.
Ýurdumyzda mekdep ýaşyna çenli edaralaryň, umumybilim berýän mekdepleriň we ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ýaşaýyş toplumlarynyň taslamalary işlenip taýýarlanylanda we gurluşyk işleri alnyp barlanda zerur bolan sport düzüminiň bolmagy hökmany talapdyr.
Türkmenistanda bu ugurda görülýän netijeli çäreleriň ekologiýa ulgamy bilen örän berk baglanyşyklydygyny bellemek zerurdyr. Häzirki döwürde dünýäde adamlaryň abadançylygynyň hem-de ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde ekologiýa meseleleriniň ähmiýetine oňat düşünilýär. Türkmenistan bu möhüm wezipeleri çözmäge anyk goşant goşup, uzak geljek üçin niýetlenen, ylmy taýdan esaslandyrylan tebigaty goraýyş strategiýasyny toplumlaýyn durmuşa geçirýär.
Hereket etmek, gezelençleri amala aşyrmak hem-de boş wagtyňy peýdaly we işjeň geçirmek üçin ajaýyp serişde bolan welosiped ulagyň ekologiýa taýdan iň arassa görnüşi hasaplanylýar, ol sport ulagy hökmünde-de uly meşhurlyga eýedir. Häzirki döwürde ýurdumyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri, awtoulagsyz günleri, ählihalk bag ekmek dabaralaryny geçirmek asylly däbe öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, jemgyýetiň täze ekologiýa medeniýetini kemala getirmäge gönükdirilen bu ajaýyp däpler halkymyzyň uly goldawyna hem-de halkara derejede giňden makullanylmagyna eýe boldy.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şu wakanyň hormatyna Aşgabatda “Welosiped” binasy guruldy. Bu bina 2020-nji ýylda dabaraly ýagdaýda açyldy. Ozal habar berlişi ýaly, şu ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň teklibi boýunça “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu Kararnamanyň döredijileri bolup 62 döwlet çykyş etdi.
Bularyň ählisi hem parahatçylyk söýüjilik, döredijilik, ynsanperwerlik we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan oňyn syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýän Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikde abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
2018-nji hem-de 2019-njy ýyllarda Aşgabatda welosiped bilen bagly Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen iki çäräniň geçirilendigi bellärliklidir. Şol çäreler, degişlilikde, paýtagtymyzda geçirilen “Iň köpçülikleýin tälim beriş sapagy” hem-de “Iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş” bilen baglanyşyklydyr.
Ir bilen welosipedli ýörişiň başlanýan ýeri bolan Çandybil şaýolunyň hem-de Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşen “Welosiped” binasynyň öňünde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, talyp ýaşlar ýygnandylar.
Hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzyň sungat ussatlary köpöwüşginli aýdym-sazly, tans kompozisiýasy bilen çykyş edýärler.
Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, degişli sport lybasyna beslenen gatnaşyjylaryň kerweniniň öňüni çekdi. Hormatly Prezidentimiziň yzysüre hemmeler paýtagtymyzyň giň şaýollary bilen sazlaşykly herekete başladylar.
Aprel aýynyň ir säheriniň jana şypaly, arassa, salkyn howasy, bahar lybasyna beslenen Köpetdagyň etegindäki tebigatyň ajaýyp ýerleri, dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň hatarynda eýeleýän ornuny ynamly berkidýän, sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ykrar edilen ak mermerli Aşgabadyň gözel keşbi ruhuňy göterýär, güýç-kuwwatyňy artdyrýar, oňat duýgulary peşgeş berýär.
Köpçülikleýin welosipedli ýörişiň badalga alan ýerinde hem-de tutuş ýoluň ugrunda döredijilik toparlarynyň joşgunly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy we onuň parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli syýasatyny, sporty wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar hem-de joşgunly tanslar bu çäräniň baýramçylyk öwüşginini has-da artdyryp, sport çäresine gatnaşyjylary ýoly üstünlikli geçmäge ruhlandyrdy.
Welosipedli ýörişiň barşynda hormatly Prezidentimiz ajaýyp beden we sport taýýarlygyny görkezdi. Döwlet Baştutanymyz, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedow ozal hem dürli ýolbaşçy wezipelerde işläp, şeýle çärelere yzygiderli gatnaşmak bilen, özüniň şahsy göreldesinde işjeň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň artykmaçlyklaryny görkezdi.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz sport ulgamynda täzeçil döwlet strategiýasynyň başyny başlap, ajaýyp türgen bolmak bilen, bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmagyň tarapdary bolup durýar. Munuň özi ýaşlykdan Arkadagymyzyň durmuş kadasyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow asylly maşgala däplerini dowam edip, sport bilen meşgullanmaga uly üns berýär. Sport bilen meşgullanmak adamyň beden we ruhy ýagdaýyna oňaýly täsir etmek bilen birlikde, zähmetsöýerlik, ruhubelentlik, maksada okgunlylyk, düzgün-nyzamlylyk ýaly häsiýetleri ýüze çykarmaga ýardam edýär. Şunda nesilleriň dowamatlylygy öz aýdyň beýanyny tapýar.
Welosiped sporty bolsa tutuş dünýäde giňden ýaýrandyr we örän meşhurdyr. Onuň taryhy XIX asyryň ikinji ýarymynda Fransiýada geçirilen ilkinji iri sport ýaryşlaryndan başlanýar. 1896-njy ýylda sportuň bu görnüşi Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi.
Türkmenistanda hem welosiped sportunyň uzakdan gözbaş alýan taryhynyň bardygy bellärliklidir. Bu taryh 1894-nji ýylda Aşgabatda ilkinji welosipedçiler jemgyýetiniň döredilmeginden gözbaş alýar. Şondan bir ýyl geçenden soň, welosipedçileriň ilkinji ýaryşy geçirilýär. Häzirki döwürde sportuň bu görnüşi ýurdumyzda täze ösüşe eýe boldy. Onuň muşdaklarynyň sany bolsa yzygiderli artýar.
Welosiped sporty bilen meşgullanmaga çagalaryň we ýaşlaryň barha köp çekilýändigini bellemek ýakymlydyr. Şu welosipedli ýörişe ýaş türgenleriň — Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalaryň gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Olar ýoluny dowam edip, Gahryman Arkadagymyzyň sowgat beren welosipedlerini başarjaňlyk bilen dolandyrýarlar. Ýeri gelende aýtsak, Döwletliler köşgünde terbiýelenilýänler şeýle sport-sagaldyş çärelerine ençeme gezek gatnaşdylar. Ýurdumyzda ösüp gelýän nesil üçin toplumlaýyn bilim almak, özleriniň zehinlerini we ukyplaryny görkezmek, sport hem-de döredijilik bilen meşgullanmak babatda ähli şertler döredildi.
Çagalaryň saglygyny berkitmek meseleleri Türkmenistanda ileri tutulýan ugur bolup durýar. Döwlet tarapyndan kömege mätäç ýaş raýatlarymyza aýratyn üns berilýär. Mälim bolşy ýaly, şu maksatlar bilen Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň martynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, oňa Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy.
Gaznanyň açyk bank hasaplaryna milli we daşary ýurt pullarynda serişdeler yzygiderli gelip gowuşýar. Munuň özi ata-babalarymyzyň mätäçlik çekýänlere kömek bermek we olary hemmetaraplaýyn goldamak baradaky ynsanperwerlik ýörelgelerini iş ýüzünde durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Döredilen gününden bäri bu gazna öňde goýlan asylly maksatlara ýetmek hem-de wezipeleri çözmek boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýar.
...Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlyk edýän welosipedli ýörişe gatnaşyjylaryň topary paýtagtymyzyň owadan şaýollary boýunça hereketini dowam etdi. Bu ýollar baş şäherimiziň gözel görki bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär.
Ýurdumyzda geçirilýän sport çäreleriniň sagaldyş we terbiýeçilik babatdaky ähmiýetinden başga-da, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigata aýawly garamak hem-de daşky gurşawy goramak ýaly möhüm ugurlarda aň-bilim, wagyz etmek wezipesini hem ýerine ýetirýändigini bellemek gerek. Sebäbi, arassa ekologiýa we sagdynlyk ýaly düşünjeler biri-biri bilen berk baglanyşyklydyr.
Türkmenistanda bu meseleleriň çözülmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda durmuşa geçirilýän strategiýanyň çäklerinde her ýyl eziz Watanymyzda bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk çäreleri guralýar. Şonuň netijesinde paýtagtymyzda, welaýatlarda we olaryň töwereklerinde ýerli ösümlik dünýäsini baýlaşdyrýan ýaşyl zolaklaryň meýdanlary barha giňeýär. Geçen aýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara Nowruz gününe — Milli bahar baýramyna gabatlanylyp, nobatdaky şeýle çärä badalga berildi.
Ozal ekilen millionlarça agaç nahallary howanyň ýagdaýyna oňaýly täsir edýän tokaý zolaklaryna we ýaşyl baglara öwrülýär. Olar tomsuň jöwzaly günlerinde salkyn howany peşgeş berip, ýylyň sowuk döwründe güýçli ýellerden goraýar. Mundan başga-da, giň “ýaşyl zolaklar” tozanyň ýaýramagynyň öňüni alýar. Bu ugurda görülýän yzygiderli çäreler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga hem-de eziz Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilendir.
Ýol ugrunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ç.Purçekowa ýüzlenip, Aşgabady mundan beýläk-de bagy-bossanlyga öwürmek we abadanlaşdyrmak, şäherde arassaçylygy üpjün etmek, şäher düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin has oňaýly şertleri üpjün etmäge aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady.
Bu ugurda paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda amala aşyrylýan giň gerimli işler tebigatda gezelenç etmek we işjeň dynç almak, şol sanda maşgala bolup dynç almak üçin mümkinçilikleri döretmek babatda hem uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, welosipediň artykmaçlyklary äşgärdir, çünki ol ähli ýaşdaky adamlar üçin elýeterlidir. Ulag serişdeleriniň beýleki görnüşleri bilen deňeşdirilende, welosipedi dolandyrmak aňsatdyr. Şoňa görä-de, ýaşlar hem, uly ýaşdaky adamlar hem ulagyň bu görnüşine ruhubelentlik we uly höwes bilen erk edýärler.
Bu gün hemme ýerde çagalardan başlap, ululara çenli dürli ýaşdaky welosipedçileri görmek bolýar. Oglanlardan we gyzlardan başga-da, köp sanly uly ýaşdaky adamlar çagalykda iki tigirli “ulagy” sürendiklerini ýakymly duýgular bilen ýatlaýarlar. Şunuň bilen birlikde, welosipede ilkinji gezek erk edýänler hem az däl. Welosipede erk etmek bolsa hiç haçan giç däldir.
Ynsan üçin welosiped beden saglygy babatda hakyky köpugurly trenažýor bolup durýar. Ylmyň subut edişi ýaly, welosiped sürlen mahalynda adam bedeniniň dürli myşsalary hereket edýär. Munuň özi bolsa tutuş bedeni kadaly ýagdaýda saklamaga mümkinçilik berýär. Welosiped sporty bilen meşgullanmagyň we welosipedli gezelenç etmegiň beýleki uly artykmaçlyklarynyň hatarynda kesele garşy durnuklylygyň pugtalandyrylmagyny, çydamlylygyň ýokarlanmagyny, energiýa alyş-çalyşygynyň kadalaşmagyny, ýürek-damar we beýleki keselleriň döremek howpunyň azalmagyny görkezmek bolar.
Pedallaryň sazlaşykly hereketi beýniniň gan aýlanyşygyny kadalaşdyrýar. Munuň özi hereketleriň utgaşykly bolmagyna, üns berijiligiň we pikirlenmek ukybynyň ýokary bolmagyna ýardam edýär. Welosiped sürmek artykmaç kaloriýalardan saplanmagyň, gan damarynyň basyşyny kadalaşdyrmagyň hem-de ýadawlygy aýyrmagyň täsirli usulydyr. Bu bolsa adamyň psihologik ýagdaýyna we özüni duýşuna oňaýly täsir edýär.
Latyn dilinden terjime edilende, “çalt aýak” diýmegi aňladýan welosipediň, halkara sorag-jogabyň geçirilmegi netijesinde, adamzadyň iň ajaýyp oýlap tapyşy diýlip ykrar edilmegi hem gyzykly ýagdaýdyr. Berlen sesleriň sany boýunça ol hatda häzirki zaman dünýäsi üçin örän ähmiýetli bolan internet we telefon ýaly oýlap tapyşlardan hem öňe geçdi.
Şeýlelikde, welosiped sporty we welosipedli gezelençler adamyň özüni oňat duýmagynyň hem-de bedeniň sagdynlygynyň ajaýyp sazlaşygydyr. Tutuş maşgala bolup welosipedli gezelenç etmek, oňa ýakynlaryňy we dostlaryňy çekmek üçin hem ajaýyp mümkinçilikler bar. Welosiped açyk howada, ýylyň islendik döwründe boş wagtyňy gyzykly geçirmäge mümkinçilik berýär. Onuň ulag serişdesi hökmünde ulanylmagy, mysal üçin, işe welosipedli gatnamak dogduk şäheriňi ýa-da obaňy täze öwüşginlerde görmäge, onuň tebigatyna syn etmäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, welosipedli gezelenç etmek syýahatçylygyň, hususan-da, ekologiýa syýahatçylygynyň has giňden ýaýran görnüşidir. Bu babatda Türkmenistanyň ägirt uly geljegi we mümkinçilikleri bar.
Bir söz bilen aýdylanda, häzirki wagtda ýurdumyzda welosiped sporty we umuman, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikler üpjün edildi. Soňky ýyllarda paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ýaryşlary we türgenleşikleri geçirmek hem-de ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak, türgenleriň täze neslini terbiýeläp ýetişdirmek üçin niýetlenen degişli döwrebap düzümler döredildi. Soňky ýyllarda Aşgabatda we sebitlerde gurlan ugurdaş desgalar halkara ülňülere doly laýyk gelýär.
Bitarap Türkmenistan Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň agzasy bolmak bilen, Halkara Olimpiýa komiteti bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär, bu guramalaryň işine hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Ýurdumyz halkara sport we Olimpiýa hereketini ösdürmäge anyk goşant goşýar. Munuň özi adamlary bahasyna ýetip bolmajak ynsanperwer gymmatlyklaryň töwereginde birleşdirmegiň möhüm şerti bolup durýar. Aşgabat bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ykrar edilip, sebit we dünýä derejesindäki iri ýaryşlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi.
2017-nji ýylda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Aziadanyň maksatnamasyna welotrek ýaryşlary hem girizildi. Sportuň bu görnüşi boýunça ýaryşlar köpugurly sport toplumynyň ýöriteleşdirilen desgalarynyň birinde — ajaýyp üsti ýapyk welotrekde geçirildi.
2018-nji ýylda bolsa Olimpiýa şäherçesinde Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty üstünlikli geçirildi. Şeýle derejedäki giň gerimli çäreleri geçirmek abraýlydyr we örän jogapkärlidir. Aşgabat öňde goýlan wezipeleriň hötdesinden abraý bilen gelip, parahatçylyk dörediji şäher, halklaryň we medeniýetleriň gatnaşyklarynyň merkezi hökmündäki wezipesini üstünlikli ýerine ýetirdi.
Türkmen türgenleri halkara ýaryşlara işjeň gatnaşyp, ajaýyp netijeleri we ýeňişleri gazanýarlar. Mysal üçin, Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ildeşimiz Polina Gurýewa agyr atletika boýunça ýaryşda 59 kilograma çenli agramlyk derejede çykyş edip, ýurdumyzyň sportunyň taryhynda ilkinji gezek Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalyna mynasyp boldy.
Mundan başga-da, Türkmenistanda ýerli howa şertlerini nazara almak bilen, ozal ýurdumyz üçin mahsus bolmadyk sportuň gyşky görnüşleri hem ösdürilýär. Hususan-da, olar hokkeý we buzda typmak bilen baglanyşyklydyr. Öňki döwürde sportuň şu görnüşleri boýunça ýaryşlara diňe teleýaýlymlar arkaly tomaşa edip bolýardy. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýaşlary dünýäde meşhur bolan sportuň bu görnüşlerini üstünlikli özleşdirýärler. Milli derejedäki ýaryşlar bilen bir hatarda, türkmen hokkeýçileri we buzda typmak bilen meşgullanýan türgenler sebit we halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşýarlar. Munuň özi olara peýdaly tejribäni özleşdirmäge, özleriniň sport mümkinçiliklerinden peýdalanmaga ýardam edýär.
Şeýle hem buz üstündäki sportuň beýleki görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ajaýyp mümkinçilikler bar. Şolaryň hatarynda Olimpiýa maksatnamasyna girýän konkili typmak sportuny, şort-tregi we kýorlingi görkezmek bolar.
Bularyň ählisi sport döwleti hökmünde Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da belende galdyrýar hem-de türgenlerimizi sport ussatlygyny kämilleşdirmäge we täze ajaýyp ýeňişleri gazanmaga höweslendirýär, ýurdumyzda sportuň dürli görnüşlerini mundan beýläk-de giňden wagyz etmäge ýardam edýär.
Sport güýç-gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň, ruhubelentligiň aýdyň beýany bolmak bilen, berk bedenli we ruhubelent ýaş nesli, Watanymyzyň geljegini terbiýelemek işinde uly ähmiýete eýedir. Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak dürli keselleriň öňüni almak we bejermek, şeýle hem zyýanly endiklerden, hususan-da, adamyň saglygyna uly zyýan ýetirmäge ukyply çilim çekmekden el çekmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň fewralynda Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň we degişli Pudagara utgaşdyryjy toparyň düzüminiň tassyklanylandygyny ýatlatmalydyrys.
...Welosipedçileriň topary Bitarap Türkmenistan şaýoly boýunça gözel görki hem-de özboluşly binagärligi bilen haýran galdyrýan Aşgabat şäheriniň merkezine tarap ýoluny dowam etdi.
...Şol pursatda bolsa paýtagtymyzda täze bahar gününiň iş-aladalary dowam edýärdi. Hemişe bolşy ýaly, ir säherden Aşgabatda ýaşaýyş-durmuş gaýnap joşýardy. Şäheriň ýaşaýjylary işe, mekdep okuwçylary we talyplar okuwa howlugýardylar, körpeler bolsa ene-atalary bilen çagalar baglaryna barýardylar. Ýurdumyzyň baş şäherinde emele gelen ruhubelentlik ýagdaýy hemmelere güýç-gaýrat peşgeş berýärdi.
Bütindünýä saglyk gününe gabatlanylan köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşyjylar paýtagtymyzyň merkezindäki — Ruhyýet köşgüniň ýanyndaky pellehana geldiler. Köpçülikleýin welosipedli ýöriş tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara ýüzlenip, «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän şu ýylda ilatymyzy bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga mundan beýläk-de giňden çekmek, jemgyýetde sagdyn we işjeň durmuş ýörelgelerini berkarar etmek boýunça toplumlaýyn işleri dowam etmegiň zerurdygyny nygtady.
Munuň özi sagdyn bedenli, maksada okgunly, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýaş nesli terbiýelemegiň aýrylmaz bölegi hökmünde çagalar we ýaşlar sportuny ösdürmäge ýardam eder.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ekologiýa-sport çäresine gatnaşyjylar bilen hoşlaşdy hem-de hemmelere berk jan saglyk we üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
***
Şu gün paýtagtymyz bilen bir hatarda, welosipedli ýörişler, dürli bedenterbiýe-sagaldyş we sport çäreleri, ýaş türgenleriň görkezme çykyşlary ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda-da guraldy.
Aşgabatda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport ulgamynda döwlet syýasatynyň özboluşly nyşany bolan “Saglyk ýoluna» çykyldy. Köpetdagyň gerişleri boýunça çekilen bu täsin ýol paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň hem-de myhmanlarynyň iň gelim-gidimli we işjeň dynç alýan ýerine, sport çäreleriniň geçirilýän künjegine öwrüldi. Şäheriň günorta böleginde emele gelen oňaýly howa ýagdaýy hem bu çäreleri üstünlikli geçirmäge ýardam edýär.
Şeýlelikde, şu gün geçirilen köpçülikleýin baýramçylyk çäreleri Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine, parahatçylygyň we sagdynlygyň aýrylmaz bölegi bolan halkara sport we ekologiýa hereketiniň ýörelgelerine ygrarlydygyny, seçip alan döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan mähriban halkymyzyň bitewüligini we jebisligini ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezdi.
www.tdh.gov.tm