Pekin, 04.02.2022. HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen baran hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Pekinde XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň hormatly myhmany boldy.
Döwlet Baştutanymyzyň «ak» Olimpiadanyň — Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinden köp sanly türgenleri bir ýere jemlän örän uly sport baýramçylygynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy ýurdumyzda sporty ösdürmäge we wagyz etmäge, bu ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ägirt uly üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatly myhman hökmünde 2008-nji ýylda Hytaýyň paýtagtynda geçirilen XXIX tomusky Olimpiýa oýunlarynyň hem-de 2014-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde geçirilen XXII gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylmagy mynasybetli dabaralara gatnaşandygyny hem ýatlamak ýerlikli bolar.
Milli Liderimiziň giň gerimli tagallalary netijesinde ýurdumyzyň sporty hil taýdan täze sepgitlere çykdy. Diýarymyzda ugurdaş düzümler yzygiderli kämilleşdirilýär we giňeldilýär, türgenler hem-de olaryň tälimçileri üçin hemme şertler döredilýär. Ýurdumyz sebit we dünýä derejesindäki sport merkezleriniň biri hökmünde eýeleýän ornuny ynamly berkidýär. Ýokary üstünlikler sportuny höweslendirmek bilen bir hatarda, uzak möhletli umumymilli maksatnamanyň häsiýetine we görlüp-eşidilmedik giň gerime eýe bolan milli bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň işjeňleşdirilmegine uly ähmiýet berilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, sport güýjüň, gözelligiň, sagdynlygyň, kuwwatyň hem-de ruhuň ösüşiniň belentliklerine ymtylmanyň aýdyň ýüze çykmasydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işiniň örän köpdügine garamazdan, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga yzygiderli üns berip, ajaýyp beden taýýarlygyny hem-de ussatlygyň ýokary derejesini görkezmek bilen watandaşlarymyza nusgalyk görelde bolýar.
Sport ugrunda hyzmatdaşlyk etmek baradaky meseleler milli Liderimiz tarapyndan daşary ýurtlara amala aşyrylýan saparlaryň maksatnamasyna, ýokary derejedäki gepleşikleriň we duşuşyklaryň gün tertibine hemişe goşulýar. Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän mizemez ynsanperwer gymmatlyklaryň töweregine adamlary jemleýän halkara sport we Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine anyk goşandyny goşýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde Aşgabatda 2017-nji ýylda köpugurly Olimpiýa şäherçesiniň sport desgalarynda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny görkezmek bolar. 2018-nji ýylda bolsa Türkmenistan uly üstünlige beslenen agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny hem-de «Amul — Hazar» halkara awtorallini kabul etdi. 2009-njy ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ýüpek ýoly» ralli ýaryşynyň geçirilmeginiň başyny başlandygy hem bellärliklidir, onuň ýoly Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Russiýanyň çäklerinden geçdi.
2014-nji ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda windsýorfing boýunça dünýä kubogy ugrundaky ýaryşyň tapgyrynyň geçirilendigini hem bellemek gerek, şonuň bilen ýurdumyz ilkinji gezek ýelkenli sport boýunça halkara ýaryşlaryň senenamasyna girdi. Şeýlelikde, bu gün Türkmenistan sebit we dünýä derejesindäki iri ýaryşlary guramak hem-de geçirmek üçin uly tejribä, mümkinçilige eýedir.
Halkara ýaryşlara işjeň gatnaşýan türkmen türgenleriniň gazanýan ajaýyp üstünlikleri we ýeňişleri bu ulgamda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli strategiýanyň üstünliginiň aýdyň netijeleridir. Bularyň ählisi Türkmenistanyň dünýä derejesinde abraýynyň has-da artmagyna, sport döwleti hökmünde Watanymyzyň mertebesiniň ýokarlanmagyna ýardam edýär.
Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzda ýerli howa ýagdaýy göz öňünde tutulanda, ozallar adaty bolmadyk sportuň gyşky görnüşleri hem ösdürilýär. Hususan-da, ýaş türkmenistanlylaryň bu gün höwes bilen özleşdirýän sportuň hokkeý hem-de buzda figuralaýyn typmak görnüşlerine uly üns berilýär. Sportuň bu görnüşleri boýunça geçirilýän türgenleşikler barha kämilleşýär. Türkmen hokkeýçileri we figuraçylary milli derejedäki ýaryşlar bilen bir hatarda sebit we halkara ýaryşlara hem gatnaşýarlar. Munuň özi olaryň peýdaly tejribe toplamagyna ýardam edýär, sport ussatlygyny kämilleşdirmäge, ýokary görkezijileri gazanmaga iterýär.
Mundan başga-da sportuň buzdaky beýleki şüweleňli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin hem mümkinçilikler bar. Hususan-da, konkide ylgamak sporty hem-de onuň şort-trek, kýorling ýaly köp dürli görnüşleri-de dünýäde giň meşhurlykdan peýdalanýar, şolar hem olimpiýa maksatnamasyna girýär. Bularyň ählisi geljekde biziň türgenlerimiziň iri halkara ýaryşlarda sportuň dürli gyşky görnüşleri boýunça Watanymyza mynasyp wekilçilik edip bilmegi üçin oňaýly şertleri döredýär.
...Hormatly Prezidentimiziň uçary Pekine çenli uçuşy amala aşyryp, HHR-iň paýtagtynyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Türkmenistanyň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow howa menzilinden sapar wagtynda özi üçin bellenen kabulhanasyna tarap ugrady...
Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar barada aýdylanda, bu gatnaşyklaryň ilkibaşdan dostlukly, özara hormat goýmak hem-de uzak möhletleýinlik häsiýetine eýedigini nygtamak zerurdyr. Häzirki döwürde strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda depginli ösdürilýär. Şeýle hem Türkmenistan HHR bilen köptaraplaýyn esasda, abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň we düzümleriniň ugry boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň ýanwar aýynda sanly ulgam arkaly HHR bilen sebitiň ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammiti geçirildi. Milli Liderimiz ýokary derejedäki bu duşuşykda eden çykyşynda ileri tutulýan ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça oňyn pikirlerini we tekliplerini beýan etdi.
Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow saparynyň öň ýanynda HHR-iň birnäçe teleýaýlymlarynyň hem-de abraýly neşirleriniň wekilleriniň sowallaryna jogabynda Türkmenistan üçin Hytaýyň diňe bir beýik döwlet, dünýä derejesindäki kuwwatly ykdysady we senagat merkezi, giň gerimli hem-de geljegi uly bazar bolman, wagtyň synagyndan geçen ygtybarly dostdugyny nygtady. Türkmen-hytaý gatnaşyklary döwrüň synagyndan geçip, öz netijeliligini subut etdi hem-de häzir Ýewraziýa giňişliginde durnuklylygyň we ösüşiň möhüm şerti bolup durýar.
HHR-iň paýtagtynda 4 — 20-nji fewral aralygynda geçiriljek XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrylmagy döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň subutnamasyna öwrüldi. «Olimpiýa oýunlary hemişe halklaryň arasynda parahatçylygyň we dostlugyň pugtalandyrylmagyny, duşmançylygyň hem-de uruşlaryň bes edilmegini, dürli milletleriň, dürli syýasy ynama eýerýän adamlaryň jebisleşmegini, olaryň Olimpiýa hereketiniň belent ýörelgelerine ygrarlylygyny alamatlandyrýar. Bu oýunlar halklaryň we döwletleriň arasynda özara düşünişmäge, açyklyga hem-de birek-birege hormat goýmaga ýardam berýär» diýip, milli Liderimiz Hytaýyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň sowallaryna jogabynda belledi. «Men öz içeri we daşary syýasatynda hut şu ýörelgelere eýerýän ýurduň — Türkmenistanyň Prezidenti hökmünde Hytaý Halk Respublikasynyň çuňňur hormatlanylýan Başlygynyň çakylygyny minnetdarlyk bilen kabul etdim» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
...Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Pekiniň Milli stadionyna ugrady. Özboluşly bezeg aýratynlygy boýunça «Guş höwürtgesi» diýen at bilen meşhur bolan bu köpugurly toplum XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň geçiriljek ýeri hökmünde saýlanyp alyndy.
Hytaýyň paýtagtynyň soňky ýyllarda ikinji gezek dünýä derejesindäki iri sport ýaryşyny kabul edýändigi bellärliklidir. Ýokarda bellenilip geçilişi ýaly, 14 ýyl mundan ozal Pekinde tomusky Olimpiada geçirildi. Şeýlelikde, HHR-iň paýtagty taryhda hem tomusky, hem gyşky Olimpiýa oýunlary geçirilen ilkinji şäher bolýar.
Häzirki gyşky Olimpiýa oýunlaryna Milli olimpiýa komitetleriniň 91-sine wekilçilik edýän milli ýygyndy toparlar gatnaşýarlar. Ýaryşlaryň geçiriljek sport desgalary hem-de türgenleriň ýaşamagyna niýetlenilen Olimpiýa şäherçeleri Pekinde, Çžanszýakouda we Ýansinde ýerleşdirildi.
XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň tumary Bin Dun Dun atly şadyýan we göwnaçyk panda boldy. Onuň geýnen kosmiki egin-eşigi ýatladýan, jadyly buzdan lybasy mümkinçilikleri çäksiz bolan täze tehnologiýalary hem-de geljek bilen arabaglanyşygy aňladýar. Olimpiadanyň tumary hökmünde pandanyň saýlanyp alynmagy geň däldir, çünki bu jandar Hytaýyň milli nyşanydyr.
2022-nji ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň resmi nyşany «Gyş arzuwy» diýen ada eýe boldy. Onuň esasynda Hytaýyň «gyş» diýen harpy — iýeroglif goýuldy. Nyşan Hytaýyň milli we häzirki zaman medeniýetiniň däplerini, özboluşly reňk öwüşginlerini utgaşdyrýar hem-de sportuň gyşky görnüşlerine söýgini beýan edýär.
Olimpiýa alawy her bir Olimpiadanyň hökmany şertidir. Şu ýyl geçirilýän gyşky Olimpiýa oýunlarynyň alawy «Uçup barýan» diýlip atlandyrylýar. Ol galgap duran lentany ýatladýan spiral gurluşly bolup, ynsanyň ýagtylyga, parahatçylyga we kämillige tarap ýadawsyz ymtylmasyny alamatlandyrýar. Alawyň uglerodly süýüm serişdelerinden taýýarlanylandygy gyzyklydyr. Ol ýeňil, gyzgyna durnukly hem-de howany hapalaýan galyndylary bolmadyk wodorodda işleýär.
Gyşky Olimpiýa oýunlary — 2022-niň medallary «Tong Ksin» diýen ada eýe boldy, ol «Bilelikde bir bitewi ýaly» diýmegi aňladýar. Olaryň dizaýny jemlenen töwerekleri nefritden ýasalan gadymy Hytaý şaý-sepine esaslanandyr. Altyn, kümüş we bürünç medallar nusgawy görnüşde bolup, 2008-nji ýylyň tomusky Oýunlarynyň sylaglaryny ýatladýar. Medallary hem-de alawy döredijiler olaryň reňk çözgütlerini, görnüşlerini hem-de bezeg böleklerini saýlap alanlarynda, HHR-iň paýtagtynyň Olimpiýa mirasyna sarpa goýmakdan ugur aldylar.
«Umumy geljek üçin bilelikde» 2022-nji ýylyň gyşky Olimpiýa, şeýle hem paralimpiýa oýunlarynyň resmi şygarydyr. Ol adamzadyň bagtyýar geljeginiň bähbidine hem-de ählumumy meseleleri ýeňip geçmegiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk etmegiň zerurdygyny aňladýar. Bu koronawirus pandemiýasy zerarly ýüze çykan kynçylyklar bilen baglylykda aýratyn ähmiýete eýedir. Şygar Olimpiýa hereketiniň esasy taglymlaryny hem-de gymmatlyklaryny, şonuň ýaly-da agzybirlige, parahatçylyga we rowaçlyga çagyryşy özünde jemleýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pekiniň Milli stadionyna geldi we hormatly myhmanlar üçin bellenen ýere bardy. Oýunlaryň açylyş dabarasyna çagyrylan beýleki döwletleriň, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň başlygy bu ýere gelipdirler. Stadiona ýygnananlaryň ählisini HHR-iň Başlygy Si Szinpin mähirli garşylady.
Şunuň bilen baglylykda, häzirki «ak» Olimpiadany dünýäde dowam edýän koronawirus pandemiýasy sebäpli oýunlary guraýjylaryň göz öňünde tutan arassaçylyk kadalaryny, düzgünlerini, çäklendiriji çäreleri berk berjaý etmek ýagdaýynyň tapawutlandyrýandygyny bellemek ýerlikli bolar. Bu çäreler ýaryşlaryň howpsuz geçirilmegine ýardam etmäge gönükdirilendir.
...Şol bir wagtyň özünde, Pekiniň Milli stadionynda ägirt uly sport baýramçylygyna badalga berjek pursatlaryň golaýlaýandygyny aňladýan hasaplama dowam edýär. Bu ýerde baýramçylyk dabarasy höküm sürýär. Ony taýýarlamak boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy.
HHR-iň Döwlet senasynyň mukamy astynda stadionda gyşky Olimpiada — 2022-ni geçirýän ýurduň — Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet baýdagy galdyrylýar.
Stadionyň meýdançasynda täsirli çykyşlar — ýurduň gadymy döwürlerden biziň günlerimize çenli taryhyna özboluşly syýahat hem-de onuň geljegine nazarlama ýaýbaňlanýar. Häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak we stadionyň ýagty diodly yşyklar bilen örtülmegi arkaly döredilýän haýran galdyryjy şekiller bolup geçýän wakalara aýratyn öwüşgin çaýýar.
Olimpiadanyň açylyş senesi Aý senenamasy boýunça Hytaýyň Täze ýyly bilen gabat gelip, baharyň başlanmagyny alamatlandyrýar, bu hem baýramçylyk şüweleňinde beýanyny tapdy.
Ekologiýa, bütin dünýäde parahatçylyk hem-de Olimpiýa hereketiniň binýatlaýyn ýörelgeleri dabaranyň baş mowzugy boldy, adamzadyň bitewi ykbaly bolsa onuň baş taglymydyr. Şeýlelikde, bu ajaýyp çykyşlar Oýunlaryň «Umumy geljek üçin bilelikde» şygarynyň özboluşly şöhlelenmesi boldy.
Soňra dabaranyň resmi bölegi başlanýar. Stadionyň meýdançasynda Olimpiadanyň baş gahrymanlary — türgenler peýda bolýar. Däbe görä, olimpiýaçylaryň ýörişini Olimpiýa oýunlarynyň watany hasaplanylýan Gresiýanyň ýygyndy topary açýar. Soňra meýdança 2022-nji ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjy ýurtlaryň toparlary çykýar. Ýörişi Hytaý Halk Respublikasynyň olimpiýa ýygyndysyna wekilçilik edýän türgenler tamamlaýarlar.
Olimpiada gatnaşyjylary hem-de myhmanlary XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk toparynyň başlygy Saý Si hem-de Halkara Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Tomas Bah gutlaýarlar.
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin dabaraly ýagdaýda Oýunlary açyk diýip yglan edýär.
Dürli ýyllaryň iň gowy hytaýly türgenleri stadiona Olimpiýa baýdagyny alyp gelýärler. Olimpiýa senasynyň owazy astynda çagalar horunyň ýerine ýetirmeginde biri-biri bilen bagly bäş sany tegelek halkaly ak baýdak belende galdyrylýar. 2022-nji ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň — türgenleriň, eminleriň hem-de resmi adamlaryň adyndan Olimpiýa kasamy aýdylýar.
Tolgundyryjy pursat gelip ýetýär. Stadionda Olimpiýa alawy peýda bolýar. Bu ýerde onuň ýörişi tamamlanýar. Asylly däbe görä, 2022-nji ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlary üçin alaw Gün şöhlelerini jemleýän paraboliki aýnanyň kömegi bilen Gresiýanyň Gadymy Olimpinde ýakyldy. Ine, agşamky asmanda stadionda asmana galýan ägirt uly gar tozgajygynyň merkezinde XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň alawy töwerege şugla saçýar. Birnäçe pursatdan soň bolsa, münberleriň ýokarsynda baýramçylyk dabaralaryny jemleýän dürli öwüşginli, haýran galdyryjy feýerwerkler agşamky asmany bezedi.
«Ak» Olimpiada badalga beren ajaýyp çykyşlar tamamlanýar. Ýöne öňde çekeleşikli bäsleşikler bar. Olarda dünýäniň dürli yklymlarynda ýerleşýän döwletleriň türgenleri sylaglaryň 109 toplumy (jemi 327 medal) ugrunda bäsleşerler. 2022-nji ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna sportuň 15 görnüşi boýunça ýaryşlar girizildi. Olar lyžaly bäsleşikler, lyžaly iki görnüşli sport ýaryşy, biatlon, dag lyžasy sporty, tramplinden lyžaly bökmek, fristaýl, snoubord, figuraly typmak, şaýbaly hokkeý, bobsleý, sani sporty, skeleton, konkili typma sporty, şort-trek, kýorling görnüşleridir. Bütin dünýäde millionlarça tomaşaçylar, şol sanda türkmenistanlylar hem telewideniýäniň hem-de onlaýn alyp görkezmeleriň kömegi bilen ýaryşlaryň geçişine syn ederler. Oýunlaryň ýapylyş dabarasy 20-nji fewralda Pekiniň «Guş höwürtgesi» stadionynda geçiriler.
XXIV gyşky Olimpiýa oýunlaryny guraýjylar onuň «ýaşyl» hem-de ýokary tehnologiýaly bolmagyny özleriniň ilkinji nobatdaky wezipeleri hökmünde kesgitlediler. Şunuň bilen baglylykda, hytaýly hyzmatdaşlaryň innowasion işläp düzmeleri Türkmenistan üçin uly gyzyklanma döredýär. Ýurdumyzda ekologiýa, daşky gurşawy goramak hem-de öňdebaryjy ylmy tutumly tehnologiýalary ornaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän netijeli başlangyçlary, şol sanda pes uglerodly, hususan-da, wodorod energetikasyna degişli başlangyçlary bu ulgamda sebit hem-de dünýä derejesinde netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.
Ýeri gelende döwlet Baştutanymyzyň geçen aýyň ahyrynda Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin «Ýol kartasyny» tassyklamak baradaky Karara gol çekendigini bellemek gerek. Onuň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi häzirki döwrüň ekologik meseleleri hem-de howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly möhüm meseleleriň çözgüdini işläp taýýarlamakda tagallalary birleşdirmäge ýardam etmäge gönükdirilendir.
Sport baradaky gürrüňimize dolanyp, Türkmenistanyň Halkara Olimpiýa komitetiniň hem-de Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň agzasy bolmak bilen, bu ugurdaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we ählumumy parahatçylygy, dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde Olimpiýa hereketini goldamaga gönükdirilen anyk teklipler bilen yzygiderli çykyş edýändigini bellemek gerek. Milli Liderimiziň bu başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan giňden makullanýandygy hem-de ykrar edilýändigi olaryň möhümdiginiň subutnamasydyr.
Türkmenistan öz daşary syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolan sport diplomatiýasyny yzygiderli öňe sürýär hem-de iş ýüzünde durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän oňyn Bitaraplyk hem-de «Açyk gapylar» ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy strategiýasy netijesinde häzirki döwürde ýurdumyzda sport kuwwatly ösüşe eýe boldy hem-de sporty saýlap alýanlaryň sany barha köpelýär.
Döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek hem-de ornaşdyrmak, ilaty beden terbiýesi hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmaga höweslendirmek babatynda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa özüniň anyk netijelerini berýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, biziň ilkinji nobatdaky wezipämiz sport hem-de Olimpiýa hereketini ösdürmek we hemmetaraplaýyn goldamak, oňa ýaşlary giňden çekmek bolup durýar. 2008-nji ýylda Pekinde, 2012-nji ýylda Londonda, 2016-njy ýylda Rio-de-Žaneýroda, 2021-nji ýylda Tokioda geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy türkmen türgenleri üçin möhüm wakalar boldy. Mälim bolşy ýaly, Ýaponiýanyň paýtagtynda geçirilen XXXII tomusky Olimpiadada ildeşimiz — agyr atletika boýunça ýaryşda 59 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Polina Gurýewa türkmen sportunyň taryhynda ilkinji gezek Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalyny gazandy.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda hem-de paýtagtymyzda iri halkara ýaryşlaryň, şol sanda ýokarda bellenip geçilen Aziada — 2017-niň geçirilmegi türgenlerimiz üçin ussatlygy ýokarlandyrmak hem-de täze ýeňişlere ýetmek ýolunda möhüm tapgyr boldy. Şeýle derejedäki hem-de giň gerimdäki çäreleri kabul etmek uly jogapkärçilikdir. Aşgabat parahatçylyk dörediji şäher, halklaryň hem-de medeniýetleriň dialogynyň merkezi hökmündäki wezipesini mynasyp ýerine ýetirip, bu wezipäniň üstünlik bilen hötdesinden geldi.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pekindäki XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy Türkmenistanyň sport dünýäsine netijeli halkara hyzmatdaşlyk meselelerindäki başlangyçlary öňe sürýän ornunyň hem-de mundan beýläk-de umumadamzat ynsanperwer gymmatlyklaryna esaslanýan Olimpiýa hereketini ösdürmäge netijeli goşant goşmagynyň nobatdaky aýdyň tassyklanmasy boldy.
Döwlet Baştutanymyz dabaralar tamamlanandan soň, özi üçin bellenilen kabulhana ugrady.
Hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary dowam edýär.