Soňky habarlar

«Şagadam» ikinji gezek Türkmenistanyň futbol boýunça kubogyna eýe boldy

Türkmenbaşynyň «Şagadam» toparynyň futbolçylary «Ahal» bilen geçirilen aýgytly oýunda 1:0 hasabynda ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň futbol boýunça kubogyny aldy.

Bu ýaryşlaryň 30 ýyllyk taryhynda futboly hasam giňden ýaýmak maksady bilen, paýtagtyň daşynda onunjy gezek, Türkmenbaşy şäherinde bolsa ikinji gezek final oýny geçirildi.

«Şagadam» we «Ahal» üçin bu, klublaryň taryhynda bäşinji finaldy.

Jemleýji oýna barýan ýolda wise-çempion «Ahal» gezek-gezegine «Aşgabat» bilen «Altyn asyry» 2:1 hasabynda utdy, 19-njy dekabrda tamamlanan milli çempionatyň bürünç medalynyň eýesi «Şagadam» bolsa «Merwden» (3:1) we «Köpetdagdan» (1:0) üstün çykdy.

2021-nji ýyldaky Türkmenistanyň futbol boýunça kubogynyň soňky oýny aldym-berdimli ýagdaýda geçdi. Ähmiýeti boýunça ikinji klub kubogynyň ykbalyny 21-nji minutda Mekan Aşyrowyň kellesi bilen urup tora girizen ýeke-täk topy kesgitledi. Ol Yhlas Magtymowyň beren topuna wagtynda ýetişip, takmynan 6 metr aralykdan garşydaşynyň derwezesine geçirdi.

Yhlas Magtymow bilen Kerim Hojaberdiýewiň hem «Şagadama» gol salmagy üçin ajaýyp mümkinçilikleri boldy. Şeýle-de bolsa, bu ýagdaýda ynamly oýnan derwezeçi Resul Çaryýew ýer eýelerine hasaby artdyrmaga ýol bermedi.

«Şagadam» ýeňişli hasabyny saklap, ikinji gezek Türkmenistanyň kubogyna eýe boldy. Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň futbol toparyny bu ýeňşe baş tälimçi Rahman Baýlyýew alyp geldi.

Türkmenistanyň kubogyny ilkinji bolup «Şagadamyň» 36 ýaşly kapitany Hemra Amanmämmedow ýokary galdyrdy.

Türkmenbaşy şäheriniň toparynyň şunuň ýaly üstünligi 2007-nji ýylda-da gazanandygyny ýatladýarys. Şonda finalda öňki meşhur futbolçy Gurbanmämmet Meredowyň ýolbaşçylygynda «Merw» goşmaça wagtda 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar edilipdi.

 

 www.turkmenistan.gov.tm