Soňky habarlar

Bir düýşüň 18 ýyldan soňky ýorgudy

Biz öňden barýarys. Yzymyzdan sary eşikli ýigitler ala-gowur bolup gelýärler. Çet ýurtly bilen öz ene dilimde düşünişip bilýändigime monça bolýaryn. Meniň bilen «derdinişip» gelýän kişi sähelçe wagt öňem türgenleşik meýdançasynda bir-biri bilen gülşüp-degşip, şol bir wagtda-da türgenleşik geçip ýören meşhur brazil futbolçylarynyň biri Ronaldinýody.

Şol günler Ýaponiýada we Koreýada, ýagny Aziýa yklymynda futbol boýunça dünýä çempionaty dowam edýärdi. Ýa yklymyň çägine aralaşan futbol baýramy meniň hyýallarymy hakykata öwürdimikä? Sebäbi diňe teleýaýlym arkaly synlap bilýän ýyldyz futbolçylarymyz bilen köne tanyş ýaly iç döküşip ýörün. Hatda olar şol wagt 4 ýaşly oglum üçin futbol topuna awtograf goýmaga-da söz berdiler. Özem düýşde görlen brazilleriň iň alçagy Ronaldinýo meşhur «towşandişden», ýagny Ronaldodan hut özüniň awtograf alyp berjekdigini aýtdy. Onuň bu özelenmesiniň sebäbini Ronaldonyň kejirligi bilen düşündirendigi hem şu günki ýaly ýadymda...

Meniň sport žurnalistikasyny saýlamagyma sebäp bolan futbol boýunça dünýä çempionatyna düýşümde gatnaşsamam, sportuň beýleki görnüşlerinde hyýallar hakykata öwrüldi. Agyr atletikaçylaryň arasyndaky dünýä çempionaty şolaryň ilkinjisi boldy. Öňde sambo bilen welotrek bar... «Ondan soň?!» diýip, soraýan bar bolsa: «Biz arzuwlaryň amala aşýan ýurdunda ýaşaýarys. Arzuw ediber islän görnüşiňi» diýip, jogap bererdim.

Hojaberdi APBAÝEW,

žurnalist.