Soňky habarlar

«Halkara ýaryşlary sport žurnalistleri üçin hem uly synagdyr»

Teležurnalistikada alyp baryjylyk sungaty alçaklygy, ugurtapyjylygy, sowatlygy we gepe çeperligi talap edýänligi üçin bu işi her kim üstünlikli ýerine ýetirip bilmeýär. Hatda köp bilimlerden sowatly adamlaryň hem telewideniýede çykyş etmeli bolanda aljyraýan, bilýänlerini unudýan ýagdaýlaryna köp duş gelinýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragynyň birnäçe gezek eýesi, halkyň söýgüsini gazanmagy başaran «Çagdyr bu çaglar» aýdym-sazly şowhunly gepleşigiň alypbaryjysy, häzirki wagtda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň mugallymy Çemen Baýramowa bilen alypbaryjylyk we çykyş etmegiň aýratynlyklary hakynda söhbetdeş bolduk. Ol ýurdumyzda geçirilýän iri sport ýaryşlary we olary telewideniýe arkaly şöhlelendirmegiň aýratynlyklary hakynda hem gyzykly gürrüňleri berdi.

— Çemen mugallym, siz žurnalistika hünärinden sapak berýän mugallym hökmünde alypbaryjy bilen diktoryň tapawudyny düşündirip berseňiz.

— Bu sowala iki sözlemde jogap bermek bolar. Diktor ozaldan taýýarlanyp goýlan teksti okap berýär. Alypbaryjy bolsa gepleşigi erkin alyp barmak bilen özüniň ukybyny-başarnygyny görkezýär.

— Aşgabat geçiriljek Sambo boýunça dünýä çempionatyny, Tennis boýunça Dewisiň kubogynyň saýlama ýaryşyny şöhlelendirjek ýaşlara nähili maslahatlar berersiňiz?

—Soňky ýyllarda ýurdumyzda halkara sport ýaryşlary yzygiderli geçirilip durulýar. Şolaryň her birine dünýä belli türgenler, tälimçiler, bilermenler gatnaşýarlar. Olar biziň žurnalistlerimizi, alypbaryjylarymyzy synlap, türkmen žurnalistikasyna baha berýändirler. Şonuň üçin her bir ýaryşa, edil häzirki wagtda tennis we sambo ýaryşyna ykjam taýýarlanmak gerekdigini aýdaýyn. «Hünäre kämilleşmek» diýen düşünjäniň anyk kesgitlemesi ýok. Saýlan alan hünäriňi ömürboýy öwrenip, oňa kämilleşip gezmeli. Çünki halkara ýaryşlary sport žurnalistleri üçin hem uly synagdyr.

— Gepleşigi ýazgy etmek üçin alypbaryjy nähili taýýarlanýar?

— Ömrümiň aýrylmaz bir bölegine öwrülen telewideniýede toplan tejribäme daýanyp, ertir ýazgy diýlen güni az ýatyp, köp hereketde bolýardym we gepleşikden iki sagat öň aç gezýärdim. Ýazgy güni özüňi rahat alyp barjak bolmaly. Eger-de şol pursat gaharyň geläýse, erk etmegi başarmaly, ýogsa ol seniň bedeniňi özüne tabyn edip, daşky keşbiňe, duýgularyňa täsir edýär. «Ýürekden çykan söz ýürege barýar» diýlişi ýaly, seniň ruhy ahwalatyňy tomaşaçylar badabat duýýar. Şeýle-de, alypbaryjy geýýän egin-eşigine we griminiň sadalygyna üns bermeli. Milliligi, däp-dessurlarymyzy wagyz etmekde köpçülige görelde bolmak döredijilik işgärleriniň paýyna düşýär. 

— Ýazga başlanyňda özüňdäki tolgunmany nähili ýeňip geçmeli?

— Tolgunma haçan döreýär?! Bu ýagdaý haçanda çykyş etjek adam doly taýýar däl pursadynda ýüze çykýar. «Ýöne men taýýar pursadymam tolgunýaryn» diýýän adamlara dogry düşünýärin. Ol adam jogapkärçiligi duýup, özüniň çykyşyny ýokary derejede ýerine ýetirmek isleýär. Özüm hem alypbaryjy döwrüm gepleşik ýazgy edilip başlanyndan tä ýaýlyma goýberilýänçä tolgunýardym.

— Tejribäňize salgylanyp, awtorlyk gepleşigi bilen tomaşaçynyň söýgüsini nädip gazanmalydygy hakynda aýdaýsaňyz?

— Awtorlyk gepleşigini her bir žurnalist taýýarlap biler. Emma «tomaşaçynyň söýgüsini gazanmak üçin näme etmeli?» diýen sowala jogap bermelidiris. Ol ähli alypbaryjylar üçin hemişe aktual sowallaryň biri diýsem ýalňyşmaryn. Halkyň söýgüsini gazanmak üçin alypbaryjy gepleşigiň her bir pursatyny tomaşaçynyň gözi bilen bahalandyrmaly. Alypbaryjy wagta görä däl-de, ýüreginde beslän netijesini gazanýança zähmet çekmelidir. Şeýle-de, gepleşigiň her 7 minutyndan soňra arakesme bermeli. Çünki alypbaryjynyň sözleri uzaga çekse, tomaşaçy ýadaýar. Şonuň üçin her 7 minutdan ýa mahabat görkezmeli, ýa-da saz diňletmeli.

Şeýle-de, gepleşigiň şekilleriniň arkasyndan goýberilýän sazy her gezek üýtgedip durmaly däl. «Watan» habarlar gepleşigi başlasa, siz telewizora seretmän, sazy eşidip, haýsy gepleşigiň başlandygyny bilersiňiz. Şonuň üçin gepleşikleriň ýörite sazynyň bolmagyny hökmany hasaplaýaryn. Adygan gepleşigiň bilen halkyň söýgüsini gazanmak diňe saňa-da bagly däl, gepleşigiň şowly çykmagynda işleýän toparyňa köp zat bagly.  

— Gepleşigiň şowly çykmagy onuň ýazgy edilýän ýerine bagly bolup bilermi?

— Elbetde. Ozallar mümkinçiliklerimiz çäklidi. Göçme gepleşikleriň hili pes bolanlygy üçin, tomaşaçysyny tiz ýitirýärdi. Studiýada ýazgy edilen gepleşikler bolsa hemişe ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Häzirki wagtda ýokary hilli tehniki enjamlar arkaly göçme gepleşiklerem studiýadaky ýaly ýokary hilli ýazgy edip bolýar. Gepleşigi ýazgy edeniňde, seniň arkaňda nähili bina bardygyna biçak uly üns berilýärdi. Indi ýurdumyzyň haýsy künjegine barsaň-da, owadan we kaşaň binalara gözüň düşýär. Olaryň öňünde ýazgy etmek bolsa tomaşaçyny özüne çekýär.

— Il içinde «Sungat adamy garramaýar» diýen söz bar...

— Meniň pikirimçe, hakykatdan hem şeýle. Sungat adamlary hemişe gözlegde bolup, halkyň söýgüsini gazanjak eserleri döretmek isleýärler. Täze eser döretmek bolsa ýüreginde öýke-kine, gahar-gazap bar adamlara başartmaýar. Döredijilik adamlarynyň dünýägaraýşy giň bolýar. Sebäbi döreden eseriňi halka hödürlemek, olaryň söýgüsini gazanmak uly zähmeti, yhlasy, ünsi talap edýär. Ýüreginde gowy eserleri döretmegiň arzuwy bilen ýaşaýan adamlar nädip garrasynlar?!

— Alypbaryjy bolmak isleýän ýaşlara maslahatlaryňyzam ýetiräýseňiz...

— Ilki bilen saýlap alan hünärini çyn ýürekden söýmeli. Haçanda hünäriňi ýürekden söýeniňde wagta görä däl-de, öz isleýän netijäňi gazanýançaň zähmet çekýärsiň. Ilkinji maslahatym, uly bir aýnanyň öňüne geçiň-de özüňizi edil ýazgyda ýaly duýup taýýarlyk görüň! Öňe-yza süýşüň-de özüňiziň nokadyňyzy tapyň. «Nokadyňyzy tapyň» diýmek ýazgyda nähili duranyňda, ýaýlymda has görmegeý görünýänligiňi bilmekdir. Telewideniýede köp çykyş etseňiz, öz nokadyňyzy tapmak aňsat bolar. Munda uly, orta, umumy kadrlar bolup, operatorlar saňa haýsy kadrda görnükli bolýanlygyňy aýdyp bilerler.

— Çemen mugallym, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Işleriňizde üstünlik arzuw edýäris!

— Sizem sag boluň!

Söhbetdeş bolan Gunça GURBANMÄMMEDOWA,

TDBSI-niň Sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.